logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Agriculture /Tejen etrabynda zähmet bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy
  11.10.2023
703
Tejen etrabynda zähmet bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly Tejen etrabynda hem pagta ýygymy güýçli depginde dowam edýär. Oba zähmetkeşleriniň, şol sanda pagtaçy-kärendeçileriň yhlasly we ýokary öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli şertler döredilýär. 2023-nji “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylyna hem ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamak, ýygnalan pagtany Watan harmanyna tabşyrmak işleriniň ýokary guramaçylykly geçirmek maksady bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesi pagtaçy kärendeçileriň, pagta daşaýan sürüjileriň, pagta ýygýan kombaýnçylaryň arasynda zähmet bäsleşigini yglan edip, onuň jemlerini her on günden jemleýärler hem-de ýeňijileri höweslendirýärler. Ýakynda hem Tejen etrabynyň Tejen daýhan birleşiginiň çäginde pagta ýygymy möwsümine gatnaşýan zähmetkeşleriň armasyny ýetirmek maksady bilen gysga wagtlyk arakesmede aýdym-sazly medeni-dynç alyş çäresi geçirildi. Şol dabaraly çärede nobatdaky bäsleşikde pagta hasylyny ýygnamakda ussatlyk görkezen zähmetkeşleri yglan etdi. Olardan kärendeçilerden S.Amanmyradow, G.Dönmezowa, pagta ýygýan kombaýnçylardan S.Baýramow, A.Ýolamanow, O.Orazmämmedow, pagta daşaýan sürüjilerden A.Allamyradow, A.Annaberdiýew, B.Kömekow dagylar ýeňiji boldy. Bäsleşigiň ýeňijilerine Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy hem-de indiki bäsleşiklerdede şunuň ýaly ýokary netjelere eýe bolmak arzuw edildi.

Mundan başga-da aýdym-sazly medeni-dynç alyş çäresiniň dowamynda pagta ýygymy möwsümine guramaçylykly gatnaşýan başgada birnäçe zähmetkeşlere etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Maral Akyýewa
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap birleşmesiniň
esasy hünärmeni