logo

Latest news:
✦ Aşgabatda «Turkmentravel — 2026» halkara sergisi we maslahaty dowam edýär ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýylyň üçünji sany çapdan çykdy ✦ ✦ Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy ✦ ✦ Takyk ugurly bilimleriň ösdürilmegi — geljegiň berk binýady ✦ ✦ «Ýaş inžener 2026» atly robototehnika we programmirleme bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da «Güýçli brendleriň psihologiýasy» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ «Diller Dünýäsi» merkezinde dil gurnagy geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy ✦ ✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦
Home / Culture /Tejen etrabynda geçen täsirli söhbetdeşlik
  19.03.2025
701
Tejen etrabynda geçen täsirli söhbetdeşlik

Ýakynda Tejen etrabynyň Ýöriteleşdirilen dikeldiş merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Tejen etrap komitetiniň bilelikde gurnamagynda tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik gurnaldy.

 

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Milli bahar baýramy mynasybetli geçirilen söhbetdeşlikde baharyň gelmegi bilen tebigata jan girip, älem-jahanyň gülzarlyga beslenýändigi, ýazyň ýakymy bilen zerewşan eýlenen zemin goýnundaky ynsanlaryň hem göwünlerini gözel niýetler bilen bezeýändigi, Nowruz täze günüň, aýyň, ýylyň, döwrüň, ömrüň beýanydygy​, oňa taryhy maglumatlardan, edebiýatçy alymlaryň ylmy işlerinden, ýazyjy-şahyrlarymyzyň döreden eserlerinden hem aýdyň göz ýetirip bolýandygy, Nowruz baýramçylygyny dünýä döwletleriniň ençemesi ýokary derejede belläp geçýändigi, şol esasda Nowruz baýramçylygy 2009-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulandygy barada aýratyn nygtap geçdiler.

 

2025-nji ýylymyz bolan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Milli bahar baýramy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabaralarynyň, maslahatlaryň, wagyz-nesihat çäreleriniň, dürli bäsleşikleriň yzygiderli ýagdaýda geçirilýändigi hem-de birnäçe çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýändigi bellenildi hem-de Türkmenistan ýurdumyzy jenneti mekana öwren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, alyp barýan tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagy arzuw edildi!

 

Maral AKYÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap
birleşmesiniň
esasy hünärmeni,
Zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.