logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy
  07.09.2026
243
Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy

Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda täze, döwrebap çagalar bagy ulanmaga berildi. Täze mekdebe çenli çagalar edarasy Garaşsyzlyk geňeşliginiň çäginde ýerleşip, 320 çaga üçin niýetlenendir.

 

Iki gatly binada körpeleriň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda dürli otaglar ýerleşdirildi. Oýun oýnamak, ýatmak, naharlanmak we okuw-terbiýeçilik işleri üçin niýetlenen otaglar zerur mebel we enjamlar bilen üpjün edilen bolup, körpeleriň özlerini rahat duýmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilendir.

 

Çagalaryň mekdebe taýýarlygyny güýçlendirmek maksady bilen täze binada kompýuter hem-de lingafon otaglary hem döredildi. Bu ýerlerde körpelere başlangyç kompýuter sowatlylygyny öwretmek we daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin degişli şertler hem göz öňünde tutulandyr.

 

Çagalaryň boş wagtlaryny peýdaly we şatlykly geçirmegi üçin binanyň daş-töweregi hem abadanlaşdyryldy. Oýun meýdançalary we türgenleşik burçlary körpeleriň açyk howada wagt geçirmeklerine mümkinçilik berýär.

 

Täze çagalar bagynyň gurluşygy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Hyrydar» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan ýerine ýetirildi.

 

Bu desganyň ulanmaga berilmegi bilen Ahal welaýatynda hereket edýän çagalar baglarynyň sany 137-ä ýetdi.

 

Täze çagalar bagynyň döredilmegi Tejen etrabynda mekdebe çenli ýaşdaky çagalar üçin bilim-terbiýe şertleriniň giňeldilmegine mümkinçilik döretdi.

Meretgeldi Geldimyradow,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby.