logo

Latest news:
✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦ ✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦
Home / Science and Education /Tehnologiýalar merkezi halkara sertifikat aldy
  18.11.2022
1019
Tehnologiýalar merkezi halkara sertifikat aldy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi Ylmy parklaryň we innowasion zolaklaryň halkara assosiasiýasyna (IASP) agzalygyň sertifikatyny aldy.

Ylmy parklaryň we innowasion zolaklaryň halkara assosiasiýasy 1984-nji ýylda döredilip, guramanyň edarasy Ispaniýanyň Malaga şäherinde, sebit edaralary bolsa Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde ýerleşýär.

Belläp geçsek, Ylmy parklaryň we innowasion zolaklaryň halkara assosiasiýasynyň (IASP) - häzirki wagtda esasy wezipesi dünýäniň ylmy-tehniki innowasion merkezleri bilen tejribe hem-de tehnologiýalary alyşmakda netijeli hyzmatdaşlygy üpjün edýän halkara guramalarynyň biridir.

Tejribeli ylmy parklary birleşdirmek we serwisleriň elýeterliligini üpjün etmek Ylmy parklaryň we innowasion zolaklaryň halkara assosiasiýasynyň (IASP) esasy wezipesidir. Tehnologiýalar merkeziniň Halkara assosiasiýasyna agza bolmagy alymlara bu assosiasiýa girýän dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary we ylmy merkezleriniň 350-si, milli assosiasiýalarynyň innowasiýalary ilerletmek, bilimleri paýlaşmak we tehnoparklaryň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin bilermenler bilen hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik berer.

Assosiasiýanyň işi tehnoparklaryň ösüşine we netijeliligine ýardam edýär. Önümçilik we täze tehnologiýalar, biotehnologiýalar, oba hojalygy hem-de audiowizual programmalary işläp taýýarlamak bilen iş salyşýan rezident-kompaniýalaryň 115 müňüsiniň bäsdeşlige ukyplylygyny berkitmäge kömek berýär.

Aşgabat şäherinde ýerleşýän Tehnologiýalar merkeziniň Ylmy parklaryň we innowasion zolaklaryň halkara assosiasiýasyna gatnaşmagy, öz gezeginde, esasy wezipesi innowasion işi goldamak hem-de ylmy barlaglaryň we işläp taýýarlamalaryň ylmy netijelerini açmak üçin amatly şertleri döretmek bolan Tehnologiýa merkezinde 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda ýurdumyzda döredilen ilkinji Tehnologiýalaryň transferti merkeziniň işine uly mümkinçilikler berer. 

 

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.