logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Interesting /Tebigatyň «janly indikatory»
  19.10.2022
1487
Tebigatyň «janly indikatory»

Kömelekler şalygyň dürli täsin görnüşleriniň arasynda özboluşly «gyrmyzy kömelek» atly wekili bar, ylmy ady gyrmyzy sarkosifa (Sarcoscypha). Bu görnüş daşky ajaýyp gurluşy bilen özüne çekiji görnüşdir. Ol tebigatda agaçlarda ýa-da topragyň üstünde däl-de moh şekilli ösümlikleriň üstünde mesgen tutýar.

Gyrmyzy kömelegiň daşy mohlaryň gür ýaprakly şahajyklary bilen örtülip, onuň arasynda kömelegiň gyrmyzy reňki täsin görnüşi döredýär. Bu kömelegiň esasan hem iki sany görnüşi bar, ýagny gyrmyzy hem-de Awstriýa kömelegi. Bu iki görnüş bir-birinde daşky gurluşy boýunça onçakly tapawut etmeýär. Gyrmyzy kömelek başga-da «gyrmyzy okarajyk», «gyrmyzy tabakly mürepbe» diýen ýaly atlar bilen hem tanalýar. Kömelegiň telpejiginiň diametri 1-5 sm aralygynda, beýikligi bolsa 2-3 sm deňdir. Miwe bedeni çeýe däl-de dykyz, hiç wagt 3 sm-den köp ösmeýär diýen ýaly. Onuň ösüp başlaýan döwri gyş aýlarynyň ahyry we ýazyň başydyr. Maý aýynyň ahyrlaryna kömelegiň ösüş döwri tamamlanýar. Giň ýaýran ýerleri sosna, arça tokaýlyklarydyr. Kömelek tebigatyň özboluşly ekologiki indikatory hasaplanylýar, çünki ol diňe ekologiki taýdan arasa gurşawda ösüp bilýär, eger ösýän gurşawy hapalansa, ol guramak bilen bolýar.

Gyrmyzy kömelek diňe täsin daşky görnüşi bilen tapawutlanman, on dermanlyk häsiýetleri-de köpdür. Farmasewtikada ondan taýýarlanan derman serişdeleri bedeniň dürli näsazlyklarynda ulanylýar. 

 

Mehriban TAÝROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.