Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ "Elektrik Maşynlary" boýunça açyk internet olimpiadasy başlaýar ✦ ✦ Saglyk - iň gymmatly baýlyk ✦ ✦ Türkmen alymlary Moskwada geçirilen suwdan peýdalanmak boýunça maslahata gatnaşdylar ✦ ✦ Manadyň 31 ýyllygy mynasybetli ykdysadyýet boýunça bäsleşik ✦ ✦ Himiýa we gaz himiýasy pudagyndaky innowasion tehnologiýalar boýunça halkara maslahat ✦ ✦ Türkmenistanda Kiberhowpsuzlyk Hakatony: "Turkmen Cyber. Hack" Bäsleşigi ✦ ✦ TDEI “Türkmenistanyň taryhy” dersi boýunça onlaýn bäsleşigi geçirýär ✦ ✦ “Statistika” dersi boýunça internet bäsleşigi geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan ŞHG guramasy bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär ✦ ✦ Türkmen-täjik gatnaşyklary rowaçlanýar ✦
Baş sahypa / Medeniýet /TDEI “Türkmenistanyň taryhy” dersi boýunça onlaýn bäsleşigi geçirýär
  21.10.2024
20
TDEI “Türkmenistanyň taryhy” dersi boýunça onlaýn bäsleşigi geçirýär

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Türkmenistanyň taryhy” dersi boýunça onlaýn bäsleşik geçirýär. Bu bäsleşik, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek hem-de ýaşlarda watansöýüjilik duýgusyny ösdürmek maksady bilen guralýar.

Bäsleşik 2024-nji ýylyň noýabr aýynyň 20-ne sagat 14:00-da geçirilip, wideoaragatnaşyk arkaly göni ýaýlymda görkeziler. Ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşyp biler. Her okuw jaýyndan bäş talyp gatnaşmaga hukukly bolup, her bir okuw jaýy 20 sany test soragyny bäsleşik üçin hödürläp biler.

Bäsleşigiň esasy maksady, Garaşsyz Watanymyza wepaly, bilimli, zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdyr. Netijeler esasynda ýeňijiler I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanar.

Habarlaşmak üçin: +9936414923.

Maglumat üçin: Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty

Baýram DAŇATAROW
TDEI-niň talyby