logo

Latest news:
✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň sessiýasyna gatnaşýar ✦ ✦ «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi ✦ ✦ GDA-nyň DIM-niň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berildi ✦ ✦ Malaýziýa “Turkmen Travel 2026” sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Dünýä dilleri institutynyň mugallymy halkara bäsleşikde aýratyn üstünlik gazandy ✦ ✦ Sportda iň köp göýberilýän 10 ýalňyşlyk we olardan nädip gaça durmaly ✦ ✦ «Diller Dünýäsi» malaýziýaly myhmanlary kabul etdi ✦ ✦ Aşgabatda «Turkmentravel — 2026» halkara sergisi we maslahaty dowam edýär ✦
Home / Society /Täze ýyl dürli döwletlerde
  20.12.2021
900
Täze ýyl dürli döwletlerde

Täze ýyl baýramy maşgala baýramçylygy hökmünde hem meşhurdyr. Täze ýyl baýramynyň belleniliş senesiniň senenamalara görä üýtgemegi bilen, şol baýramçylygyň belleniliş tertibi, däpleri we özboluşly aýratynlyklary hem üýtgeýär.

Efiyopiya döwletinde Täze ýyl baýramçylygy “Enkutataş” diýlip atlandyrylýar we ol her ýylyň sentýabr aýynyň 11-de baýram edilýär. Efiýopiýa özüniň Ýuliý senenamasy esasynda düzülen gadymy milli senenamasyny ulanýar. Efiýopiýalylar Täze ýyl baýramçylygyna ýangynly tomus möwsüminiň soňy diýip düşünýärler we bu senäni baýram edýärler. “Odunde” festiwaly hem “Afrikan Täze ýyly” diýlip atlandyrylýar hem-de bu baýramçylyk iýun aýynyň ikinji dynç güni bellenilýär. Bu baýramçylygyň ady “Yoruba” Afrikanyň medeniýetine esaslanyp dakylandyr we dünýäniň ýüzünde iň uly afrikan baýramçylygy hökmünde meşhurdyr.Bu baýramçylyk döwründe Kombojili ilatyna esasan milli oýunlary oýnamaklyk mahsusdyr. “Tai Täze ýyly” hem ýylyň aprel aýynyň 13-14-i aralygynda baýram edilip, ol ýerli dilde “Songkran” diýlip atlandyrylýar. Bu baýramçylykda ýerli ilata daşary çykyp biri-birleri bilen suw sepişmeklik güýmenjeleri mahsusdyr. Sebäbi ýerli ilatyň ynançlaryna görä, suw sepmeklik ak pata bermeklikden gözbaş alýar. “Hytaý täze ýyly” diňe bir Hytaý Halk Respublikasynyň özünde däl, eýsem dünýäniň köp ýurtlarynda hem baýram edilýär. Bu baýram güni “Aý” senenamasynyň ilkinji günüdir we Gün ulgamyna görä oňa her 3 ýyldan düzediş girizilýär. Bu baýramçylygyň senesi ýanwar aýynyň 20-den fewral aýynyň 20-i aralykdaky döwre gabat gelýär. “Wetnam Täze ýyly” baýramçylygy özüniň gysgaça “Tet” ady bilen has hem belli bolup, ýurduň iň bir möhüm we meşhur baýramçylyk festiwalydyr. “Wetnam Täze ýyly”, adatça, ýanwar aýynyň 20-den fewral aýynyň 20-i aralykdaky döwürde baýram edilýär. Hytaý senenamasyna esaslanyp, bu baýramçylyk ýaz paslynyň gelmegi mynasybetli bellenilýär. “Koreý Täze ýyly” Aý senenamasynyň ilkinji günidir. Koreýalylar bu baýramçylygy her ýylyň 1-nji ýanwarynda belläp geçýär. Täze ýyl milli baýram bolmak bilen, koreý ilaty üçin azyndan 3 gün boş, dynç güni diýlip hasap edilýär. Koreýalylar Täze ýyl baýramynda ata-babalarynyň ruhuna tagam taýýarlamak, ata-babalarynyň jaýlanan guburlaryna gezim etmek hem-de milli Koreý oýunlaryny oýnamak ýaly däpleri ýerine ýetirmeklik arkaly belläp geçýärler. “Hijri täze ýyly” yslam medeniýetinde yslam täze ýyly hökmünde giňden tanalyp, ol täze musulman senenamasynyň ilkinji güni hökmünde baýram edilýär. Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde dikeldilen milli baýramçylyklarymyz bilen bir hatarda Täze ýyl bayramçylygy ýaly ajaýyp dünýewi baýramçylyklar hem döwlet derejesinde giňden toýlanýar.

Welaýatlarda Täze ýyl mynasybetli dabaralar «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň öňünde geçiriler. Olar özboluşly bezegler bilen bezeler. Baýramçylyk çärelerine tanymal sungat ussatlary, artistler, çagalar döredijilik toparlary, şeýle-de, baýramyň baş gahrymanlary – Aýazbaba bilen Garpamyk hem gatnaşar.