Hormatly prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyz barha gülläp ösýär şeýle döwürde nurly gyş paslynyň ýetip gelmegi bilen halkymyz agzybirlikde, jebislikde täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk görýärler. Täze ýyl baýramçylygy diňe biziň ýurdumuzda däl eýsem dünýä derejesinde bellenilýän baýramçylykdyr. Täze ýylyň öň syrasynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde täze ýyl arçalary bezelýär.
Paýtagtymyz Ak Şäherimiz Aşgabadyň köçelerinde ýüzlerçe täze ýyl arçalary bezelýär. Täze ýyl dünýä döwletlerinde döreýiş taryhy boýunça 25 asyr diýlip çaklanylýar, ilkinji gezek bu baýramçylyk Mesopotamiýada bellenipdir. Häzirki wagtda Täze ýyl baýramçylygy bütin dünýäniň iň söýgüli baýramçylygydyr. Dürli-dürli döwletlerde onuň garşylanyşy hem dürliçedir.
Türkmenistanda Täze ýyl saçaklarymyzyň görküne görk goşýan milli tagamlarymyz palaw, dograma, manty, dürli huruşly gutaplar, işdä açarlar, süýjülikler aýratyn orna eýedir. Her ýylyň öz nyşanyna görä tortlary, işdä açarlary taýýarlamak uly meşhurlyga eýedir. Milli tagamlarymyz bilen birlikde daşary ýurt tagamlaryny taýýarlamak meşhurdyr. Sebäbi täze ýyl ähli ynsanlaryň kalplaryna nur paýlap, uly-uly umytlara, owadan arzuwlara beslenýär. Bu baýramçylyk ajayyp bir dünýewi baýramçylyk bolup, dünýäniň ähli künjeklerinde baýram edilýär. Täze ýyl baýramy maşgala baýramçylygy hökmünde hem meşhurdyr. Täze ýyl baýramyna taýýarlyk, hemme adamlaryň şadyýan ýüz-keşpleri, çagalaryň bagtly gülküsi, öýlerimizi bezeýän täze ýyl arçasy we dükanlardaky täze ýyl sowgatlaryny görenimizde, göwnüňi galkyndyryjy duýgular bilen eýýäm täze özgertmeleriň, täze ösüşleriň geljegi hem duýulýar.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman hem Mähriban Arkadagymyzyň gijesini gündiz edip çekýän zähmetiniň, edýän aladalarynyň netijesinde Ata Watanymyzyň her bir güni taryhy wakalara, şanly senelere beslenýär. Şeýle hem şular ýaly ajaýyp döwri başdan geçirýän külli türkmen halky el-ele berip, agzybirlkde ösüşlere, özgerişlere tarap ädim-ädim gadam basýar. Şeýle asuda, abadan, parahat, bagtyýar durmuşda ýaşaýan halkyň toýdur baýramy hem goşa-goşadan gelýär. Munuň şeýledigine her bir Türkmenistanly raýat janly şaýatdyr.
Hemmämiziň bilşimiz ýaly, bu gün türkmen halky dürli musulman hem dünýewi baýramçylyklary uly baýram edip belleýär. Şolaryň biri-de maşgala baýramçylygy bolan Täze ýyl baýramçylygydyr. Halkymyz bu baýramy hem ýokary guramaçylyk derejesinde şatlyk-şowhun bilen baýram edip belleýär.
Bilşimiz ýaly, dünýäniň köp ýurtlarynda (esasan, Ýewropa ýurtlarynda), şol sanda, biziň Türkmenistan döwletimizde hem Täze ýyl baýramçylygy her ýylyň 1-nji ýanwarynda bellenilip geçilýär. Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde dikeldilen milli baýramçylyklarymyz bilen bir hatarda, Täze ýyl baýramçylygy ýaly ajaýyp dünýewi baýramçylyklar hem döwlet derejesinde giňden toýlanýar. Öz mynasyp zähmet üstünlikleri bilen gelýän edermen türkmen halkymyz Milli Liderimiziň saýasynda bu ajaýyp baýramçylygy şatlyk-şowhun, uly ruhubelentlik bilen baýram edýärler. “2021-nji ýyl – Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ösüşlere, özgerişliklere örän baý ýyllaryň biri boldy. Goý, täze 2022-nji ýyl hem mähriban halkymyza, eziz Türkmenistan döwletimize, Gahryman Arkadagymyza rowaçlyklar, üstünlikler getirsin.