logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Economics /Täze oba hojalyk tehnikalary
  28.03.2020
1106
Täze oba hojalyk tehnikalary

      Ýakynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde täze tehnologiýaly oba hojalyk tehnikalarynyň  nobatdaky tapgyrynyň garşylanyş dabarasy geçirildi. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly toýunyň uludan toýlanjak ýylynda sanly telematik ulgam ornaşdyrylan «John Deere»  kysymly takyk gowaça ekiji tehnikalaryň,  «СLAAS» kysymly däne orujy kombaýnlaryň we «СLAAS» kysymly köpugurly traktorlaryň gelip gowuşmagy oba zähmetkeşleriniň durmuşynda ajaýyp waka öwrüldi.

     Dabarada çykyş edenler  täze taryhy döwürde ýurdumyzyň agrosenagat toplumyny ösdürmek, oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatynda örän köp işleriň amala aşyrylýandygy, dünýäde uly meşhurlyga eýe bolan ýokary öndürijilikli kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň yzygiderli satyn alnyp, daýhanlaryň ygtyýaryna berilmegi bu ugurda möhüm ähmiýete eýedigi barada buýsanç bilen bellediler hem-de munuň üçin döwlet Baştutanymyzyň adyna ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.

     Dabara gatnaşyjylary täze oba hojalyk tehnikalaryň aýratynlyklary bilen tanyşdyrdylar.