Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Sanly çözgütler bilen ykdysadyýetiň täze keşbi ✦ ✦ Edebiýat we pedagogika — ýaşlaryň ruhy ýolbeletleri ✦ ✦ Gadymy hünäriň eýesi: Daşoguzly ussa ýokary ada mynasyp görüldi ✦ ✦ Türkmen alabaýynyň halkara güwänamasynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ “Merkezi Aziýa + ABŞ” işewürlik forumy geçiriler ✦ ✦ Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň üçünji duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý gatnaşyklary berkeýär ✦ ✦ Sanly ulgam - ykdysadyýetiň ösüşi ✦ ✦ Nemes dilini öwretmekde internet platformalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Daşary ýurt dillerini öwretmekde döwrüň talaby ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /TÄZE MEKDEP GURLAR
  04.10.2019
912
TÄZE MEKDEP GURLAR

   Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Ýarygökje geňeşliginiň çäginde  täze, döwrebap orta mekdebiň gurluşygyna badalga berildi. Welaýatyň çägindäki döwrebap bilim ojaklarynyň üstüni ýetirjek 960 okuwçy orunlyk täze, döwrebap orta mekdebiň düýbüniň tutulmagy mynasybetli geçirilen dabara toý ruhuna eýe boldy. 

    Täze mekdebiň düýbüniň tutulyş dabarasyna  welaýat, etrap häkimlikleriniň, edara-kärhanalarynyň, guramalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, il sylagly ýaşulular, mährem eneler,  oba ýaşaýjylary, şeýle-de ýaş nesliň wekilleri gatnaşdy.  Ajaýyp waka mynasybetli alty ganat milli ak öýleriň töweregini gurşap alan toý ruhubelentligi ähliniň kalbyny heýjana getirdi. Bagtyýar çagalardan düzülen döredijilik toparlarynyň hoş owazly, şirin mukamly aýdym-saz çykyşlarynda eşretli döwri peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza bolan egsilmez alkyş we söýgi öz beýanyny tapdy. Ýaş nesliň wekilleri şeýle şadyýan çykyşlary bilen döwrümize, bagtly çagalygy wasp etdiler. 

      Dabaranyň geçýän ýerinde türkmen toýlaryna mahsus milli öwüşginli tomaşalar dabaralandyryldy. Esasy sahnada welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy, ajaýyp waka mynasybetli gutlag sözleri aýdyldy.

    Ahal welaýat häkimliginiň buýurmasy esasynda “Ussat inžener” hususy kärhanasy tarapyndan gurluşygy alnyp baryljak täze bilim ojagy iki gatdan ybarat bolar. Döwrebap orta mekdebi häzirki zaman kompýuterleri, multimedia we interaktiw enjamlary,   öňdebaryjy görkezme esbaplary bilen enjamlaşdyrmak göz öňüne tutulýar. Ýaşlaryň zähmet endikleridir hünärlerini ele almagy, sport bilen meşgullanmagy ugrunda zerur şertler üpjün ediler.