logo

Soňky täzelikler:
✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦ ✦ E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi ✦ ✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦ ✦ Bir pursatlyk üns - bir ömri halas edip biler! ✦ ✦ Şähribossan Geldimämmedowa «Ykbal öwrüminde» ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Täze mebel önümçilik kärhanasy işe girizildi
  26.06.2019
1531
Täze mebel önümçilik kärhanasy işe girizildi

      Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda döwrebap mebel önümçilik kärhanasy açylyp, ulanylmaga berildi. “Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Nurana Türkmen” hojalyk jemgyýetine degişli bolan täze kärhananyň açylyş dabarasyna köp sanly mähelle ýygnandy. Dabara gatnaşyjylaryň arasynda welaýat we  etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýatyň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik  guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, il sylagly ýaşulular, mährem eneler we ýaşlaryň uly topary bar.

   Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda maýa goýum taslamalarynyň birnäçesi üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ak bugdaý etrabynyň çäginde dabaraly ýagdaýda açylýan häzirki zaman  mebel önümçilik kärhanasy hem şeýle taslamalaryň biridir. Bu kärhana Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmasy esasynda guruldy. Bu ýerde ýokary hilli mebelleri we gapylary öndürmäge giň mümkinçilikler göz öňüne tutulypdyr.

   Täze kärhananyň önümçilik bölümlerinde Germaniýa, Awstriýa, Türkiýe ýaly döwletlerde öndürilen iň kämil enjamlar  oturdylypdyr. Bu enjamlar  dünýä talaplaryna laýyk gelýän ýokary hilli mebelleri, şol sanda aşhana mebellerini, ýaşaýyş jaýlar we edara binalary üçin gapylary öndürmäge mümkinçilik berýär. Ýeri gelende, kärhananyň doly güýjünde işe girizilmegi bilen, bu ýerde her ýylda dürli görnüşli, ýokary hilli gapylaryň 40 müňüsiniň, aşhana mebelleriniň 12 müň toplumynyň öndüriljekdigini bellemek gerek. Şeýlelikde, raýatlaryň 125-si üçin iş orunlary dörär.