Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ YHG-niň birinji ministrler forumy geçiriler ✦ ✦ III Halkara açyk informatika internet olimpiadasy üstünlikli geçirildi ✦ ✦ Türkmenistan bilen ÝUNFPA ýaşlar syýasatyny maslahatlaşdy ✦ ✦ Mekdep kitaphanalarynyň işi kämilleşdirilýär ✦ ✦ “Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” atly medeni çäre ✦ ✦ Türkmenistan - BMG-da ýaşlar duşuşygyny guraýar ✦ ✦ Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda iňlis dilinde geçiriljek suhangöýlük bäsleşigi ✦ ✦ Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Bişkekde medeni çäre guraldy ✦ ✦ Üzärlik – tebigatyň keramatly oty ✦ ✦ Immunizasiýa hepdeligi — ilatyň saglygyny goramagyň ygtybarly ýoly ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Täze Galkynyşyň nury bilen bilim ulgamy rowaçlanýar!
  13.12.2022
644
Täze Galkynyşyň nury bilen bilim ulgamy rowaçlanýar!

Berkararlykdan hem bagtyýarlykdan rowaçlanýan ýurdumyzda ähli ulgamlar babatda ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­le­riň çäk­le­rin­de bi­lim ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mä­ge uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Bu ul­ga­ma döw­le­ti­mi­ziň barha ös­me­gi üçin bin­ýat­la­ýyn esas hök­mün­de üns berilmek bilen, ýaş nesilleriň dö­re­di­ji­lik taý­dan kä­mil­leş­me­gi, ylymly-bilimli bolmagy üçin giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Bu ugur­da gazanylýan beýik ýeňişler, ösüşli ädim­ler saz­la­şyk­ly ösen, giň dünýägaraýyşly, ha­ky­ky wa­tan­çy­la­ry ter­bi­ýe­le­mekde ze­rur şert­le­ri üp­jün et­meklige gö­nük­di­ri­len­dir. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlup ulanylmaga berilýän bilim edaralarynda, okuw bi­na­la­ryn­da döw­re­bap okuw en­jam­la­r, da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni çuň­ňur öw­ren­mek üçin lin­ga­fon otag­la­ry, kämil tehnologiýalar doly ornaşdyrylandyr. Şeýle-de döwrebap ki­tap­ha­na­lar, sport desgalary hem yzygider ulanylmaga berilýär. Bu bolsa ýaşlaryň sagdyn pikirli, sagdyn bedenli bolmagyna ýol açýar. Ýo­ka­ry we or­ta hü­när okuw mekdeplerinde tä­ze ugur­la­ryň açylmagy  ýaş­la­r üçin uly müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. Ýur­du­myz­da bi­lim eda­ra­la­ry­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek, bi­lim ber­me­giň äh­li bas­gan­çak­la­ry­ny ýo­ka­ry hil­li elekt­ron mag­lu­mat­lar bi­len üp­jün et­mek, san­ly se­riş­de­le­ri giň­den peý­da­la­nyp, bi­lim eda­ra­la­ryn­da be­ril­ýän bi­li­miň hilini kämilleşdirmek mak­sa­dy bi­len, «Türk­me­nis­tan­da san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy», «Türk­me­nis­tan­da 2019–2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy» ka­bul edil­ip, olary dur­mu­şa ge­çir­me­giň me­ýil­na­ma­sy tas­syk­la­nyl­dy. San­ly bi­li­mi ös­dür­mek, in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak ar­ka­ly bi­lim ber­me­giň dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk­ly­gy­ny üp­jün et­mek ug­run­da ne­ti­je­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ul­gam­da hal­ka­ra gat­na­şyk­lar yzy­gi­der­li pug­ta­lan­dy­ryl­yp, hal­ka­ra yl­my edaralar bi­len hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. San­ly bi­li­mi ös­dür­me­kde bi­lim edarala­ry­ ýo­ka­ry tiz­lik­li in­ter­net to­ry bi­len üp­jün edil­ip, bi­lim ojak­la­ryn­da zäh­met çek­ýän pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ryň, ta­lypla­ryň hal­ka­ra mas­la­hat­la­ra, okuw sa­pak­la­ryna, halkara bäs­le­şik­le­rine gat­naş­ma­klaryna müm­kin­çi­lik­le­r döredilýär. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de mil­li bi­lim ul­ga­myny ösü­şiň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne çykarmakda, ýaşlaryň ylymly-bilimli, watansöýüji, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda netijeli işleri alyp barýan Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys! 

 

Laçyn ROZYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.