Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Tebigat /Täze eýýamyň ekologiýa syýasaty rowaçlanýar
  20.12.2022
808
Täze eýýamyň ekologiýa syýasaty rowaçlanýar

Ösüş hem özgerişler bilen rowaçlanýan mähriban Watanymyzda Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan giň gerimli hem toplumlaýyn, uzak geljegi nazarlaýan parasatly döwlet syýasaty jemgyýetimiziň ösüşini üpjün edýär. Alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolan ekologiýa syýasaty hem daşky gurşawyň goraglylygyny ýola goýmaga, tebigaty sazlaşdyrmaga, ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge, tebigy baýlyklaryň rejeli we aýawly peýdalanylmagyna şert döredýär. Eziz Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak we aýawly ulanmak boýunça «ýaşyl» tehnologiýalary giňden ornaşdyrmakda, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde döwletimiz tarapyndan netijeli başlangyçlar alnyp barylýar. Ekologiýa abadançylygyny gazanmakda daşky gurşawyň ýagdaýyna gözegçiligi amala aşyrmakda ýurdumyzda hereket edýän gözegçilik ulgamlaryna uly orun degişlidir. Degişli gulluklar tarapyndan atmosfera howasynyň ýagdaýyna, ýerüsti suwlaryň hiline, toprak örtüginiň hapalanmagyna yzygider gözegçilik edilýär. Sahawatly topragymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamakda ekologiki kadalary berjaý etmek, ekologiki barlaglaryny geçirmek boýunça edilýän tagallalar barha güýçlendirilip, ekologik ulgamynyň hukuk binýadyny berkitmeklik dowam etdirilýär. Bu ugurda «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Türkmenistanyň tokaý kodeksi», «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda», «Tebigaty goramak hakynda» Kanunlar kabul edildi. Ýurdumyzda tebigaty goramak we ekologiýa baradaky döwlet syýasatyny halk köpçüligine ýetirmekde, ýaş nesliň arasynda giňden wagyz etmekde zerur çäreler yzygider gurnalýar. Häzirki wagtda dünýä ýüzünde tokaýlaryň azalmagy ýaşaýyş üçin, janly jandarlar üçin zyýanly ýagdaýlaryň, hadysalaryň emele gelmegine sebäp bolýar. Şol nukdaýnazardan hem, her ýyl Diýarymyzda köpçülikleýin bag ekmek boýunça çäreler ýaýbaňlandyrylýar. Ýer-suw baýlyklaryny netijeli peýdalanmak, topragyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak hem döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Şeýle ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde alnyp barylýan döwletli işlere mynasyp goşandymyzy goşmaklyk biz ýaşlaryň perzentlik borjudyr. Mähriban halkymyzyň ýagty ertiri, eşretli durmuşda bolelin ýaşamagy üçin bimöçber tagallalary edýän Hormatly Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden çäksiz alkyş aýdýarys! 

 

Begnazar ÝEGENNAZAROW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby.