Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦ ✦ Türkmen tennisçileri halkara ýaryşda baýrakly orunlary eýelediler ✦ ✦ Bitaraplygyň buýsanjy ✦ ✦ Лучший студент тюркских народов –Давуд Довлетов ✦ ✦ Türki halklaryň iň gowy talyby – Dawut Döwletow ✦ ✦ Türkmenistanyň ykdysady diplomatiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Türkmenistanda dil bilimini ösdürmek üçin täze kitap ✦ ✦ Täze dil gollanmasy okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk:Sanly serhedi goramak ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /Täze eýýamda innowasion häsiýetli ulgam kemala gelýär
  12.04.2023
603
Täze eýýamda innowasion häsiýetli ulgam kemala gelýär

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösen innowasiýalary we iň täze tehnologiýalary ulanmak arkaly giň möçberli maksatnamalar üstünlikli ýerine ýetirilýär. Bu ugurda öňdebaryjy tejribä hem-de ylmyň soňky gazananlaryna daýanylýandygyny bellemelidiris. Milli ylym we bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary hünärli ýaşlary, täzeçe pikirlenip bilýän, ösen düşünjeli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň ösüşinde innowasion tehnologiýalaryň orny örän uly bolup, lukmançylykda, senagat ulgamynda, energetika toplumynda, kosmos pudagynda, şeýle hem oba hojalygynda, gurluşykda, maglumat-aragatnaşyk ulgamynda we beýleki ugurlarda täze usullaryň hem-de işläp taýýarlamalaryň peýdalanylyşynyň tejribesi has-da baýlaşdyrylýar. Şeýle täzeçil usullar eziz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, halkymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen işleriň öňe ilerlemegine ýol açýar. Bu babatda ýurdumyzda her ýyl geçirilýän ylmy işleriň bäsleşigi hem zehinli ýaşlary, ýaş alymlaryň täze neslini ýüze çykarmaga ýardam edýär. Olar nanotehnologiýalar, himiýa tehnologiýasy, täze serişdeleri öwrenmek, energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýasy; lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýalary, innowasiýa ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlar ýaly ugurlarda ençeme ylmy-barlaglary alyp barýarlar. Energiýanyň alternatiw çeşmelerini öwrenmek bilen, elektrik energiýasyny öndürmegiň, uglewodorod serişdeleriniň ýataklaryny çaklamagyň we ulanmagyň täze tehnologiýalaryny döretmekde hem-de ähli ugurlary ösdürmek boýunça geljegi uly taslamalary seljermek üçin ýurdumyzyň ýaş alymlary tarapyndan netijeli işler amal edilýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan bilim syýasatynyň esasy maksady hem ylmyň hem bilimiň hemmeler üçin elýeterliligini üpjün etmekden, ýurdumyzyň her bir raýatynyň özüniň ukyplaryny we zehinini doly ýüze çykaryp bilmegi üçin oňaýly şertleri döretmekden ybaratdyr. Bilim ulgamynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak üçin uly mümkinçilik berýär. Bilim edaralarynyň okuw-gollanma üpjünçiligini gowulandyrmak, şol sanda döwrebap okuw kitaplaryny hem-de gollanmalaryny çap etmek boýunça uly işler ýola goýulýar. Nusgawy bilimiň hem-de geljegiň IT-tehnologiýalarynyň däplerini birleşdiren milli bilim ulgamy ýurdumyzyň ykdysady, bilim, senagat kuwwatyny ýokarlandyrmak üçin zerur bolan ugurlar we mümkinçilikleri açýar. Ylym ulgamyny döwlet tarapyndan goldamagyň gerimi ýylsaýyn giňelýär, geljegi uly ylmy barlaglary, tehnologiki işläp taýýarlamalary maliýeleşdirmek gowulandyrylýar. Ylym edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, olaryň işine iň täze maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar, şol sanda internet hem-de elektron kitaphanalar arkaly dünýäniň maglumatlar binýadyna ýokary tizlikli elýeterlilik üpjün edilýär. Bu bolsa ylmy-tehniki, innowasion ösüşe saldamly goşant goşýan ýaş hünärmenleriň, türkmen alymlarynyň täze nesliniň kemala gelmekligine şert döreýär. 

 

Sülgün ÇARYÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň talyby.