Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Lew XIV ady bilen täze Papa saýlandy ✦ ✦ Türkmenistan tarapyndan daşary döwletlerde gurlan bilim edaralary ✦ ✦ Hytaý 5,4 müň metr meýdanda innowasion merkezi bolan muzeý gurdy ✦ ✦ Ekologiýa arassaçylygy - durmuşyň kepili ✦ ✦ Türkmen agyr atletikaçylary dünýä çempionatynda jemi 12 medala eýe çykdylar ✦ ✦ Hytaýda bütindünýä robotlar oýunlary geçiriler ✦ ✦ Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzda pile ýetişdirmek boýunça gyzgalaňly işler dowam edýär ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşundaky Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp ýatlama duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Watan gahrymanlaryna şöhrat ✦
Baş sahypa / Gyzykly /TÄSIN DEMIR ÝOLLAR
  10.10.2022
1120
TÄSIN DEMIR ÝOLLAR

Adamlaryň döredijilikli pikirleri tebigatyň dürli päsgelçiliklerinden üstün çykyp biler. Döredijilikli pikirleriň demir ýol gurluşygynda ulanylmagy netijesinde, indi otlular daşyň üstünden, hat-da suwuň aşagyndan hem gitmäge ukyply. Käbir demirýollar rahatlygy bilen tapawutlanýar, käbirleri bolsa tersine howlukmaç wagtyň hem münmäge çekindirýär. Bularyň haýsysynda syýahat etmek islärdiňiz? 

IŇ BEÝIKDE ÝERLEŞÝÄN DEMIR ÝOL 

Eger-de siz belentlikleri halaýan bolsaňyz, onda dünýäniň iň belentde ýerleşýän demir ýoly bilen syýahat etmek size mynasyp bolsa gerek. Qinghai-Tibet demir ýoly sizi Hytaýdan-Tibede çenli elter we Qinghai-Tibet platasynyň täsin gözelliklerini synlamaga mümkinçilik döreder. Lhasa Ekspres 4000 metr belentlikden başlap 5,072 metr belentlige çenli ýetýär. Dünýäniň iň belentde ýerleşýän Tangula demir ýol menzili Qinghai-Tibet demir ýolunyň ugrundan bolup ol deňiz derejesinden 5,068 metr belentde ýerleşýär. 

IŇ PESDE ÝERLEŞÝÄN DEMIR ÝOL 

Seikan tunneli Ýaponiýanyň Honsýu bilen Hokkaýdo adalaryny birleşdirýär. Bu demir ýol tunneli deňziň 140 metr aşagynda ýerleşýär. Ol 1971 -1988-nji ýyllar aralygynda guruldy. Tunneliň gurluşygy üçin 85,000 ton sement ulanyldy. Tunneliň uzynlygy 54 kilometre golaý bolup, onuň diňe ýarysy deňziň aşagyndan geçýär. Günde 50 otly iki adanyň aralygynda adamlary we dürli ýükleri daşaýar. 

IŇ HOWPLY DEMIR ÝOL 

Taryhdaky howply demir ýollaryň biri hem Hindistan ýarymadasy bilen Rameswaram adasyny birleşdirýän Chennai-Rameswaram demir ýoludyr. Gazaply şemal bilen söweşýän otlyny 1964-nji ýylda güýçli tolkun ýoldan çykardy, ýoluň käbir böleklerini zaýalady we netijede otlydaky 115 ýolagçylaryň hemmesi wepat boldy. Demir ýolunyň täzeden has berk gurulmagyna garamazdan, otlynyň tizligini sagatda 8 kilometrden geçmeýär. 

IŇ UZYN DEMIR ÝOL 

Eger-de siz dünýäniň iň uly ýurduny aýlanyp çykmak isleseňiz, onda size dünýäniň iň uzyn demir ýoly gerek bolar. Ruslar Trans-Sibir demir ýolunyň gurluşygyny 1891-nji ýylda başladylar. Demir ýoly 9,311 kilometr uzynlygynda bolup, kömür, däne we ýag ýaly durmuş üçin möhüm önümleri daşamakda giňden ulanylýar. Batgalyk ýere daş örülmegi, ýeňil metal we agaç ulanylmagy netijesinde günde 4 kilometr ýol guruldy. Bu demir ýoluň gurluşygy 1916-njy ýylda dolulygyna tamamlandy we demir ýol gazaply klimaty bolan Sibiri Ýewropa we Aziýa baglady.

 

Güljan REJEPOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.