Dünýä medeniýetiniň taryhynda Parfiýa siwilizasiýasyna aýratyn orun degişlidir. Öz taryhy bilen müňýyllyklaryň çuňlugyna aralaşýan Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň döredilmegine «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň» maý aýynyň 25-ine 142 ýyl dolýar. Taryhy eýýamlarda öwrenilmegini dowam etdirilýän Nusaý taryhy ýadygärligi hem Aşgabat şäheriniň eteginde ýerleşip, gadymy Änew medeniýetiniň halkasy bilen aýrylmaz baglanşyklydygyny alymlar subut etdiler. Änew şäherçesiniň – «Türki dünýäniň medeni paýtagty»- diýip, yglan edilmesi bolsa, bu şähere bolan buýsanjymyzy öňküsinden hem artdyrýar.
Aşgabady etekläp oturan Nusaý galasy hem biziň paýtagtymyzyň taryhynyň asyrlaryň çuňlugyndan kök alýandygyny subut edýän tapyndylar bilen özüni tanadýar. Gadymy Nusaý galasynyň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän giň otaglarda şol döwürde ýüze çykarylan hazynalaryň, ýagny giden ritonlar otagynyň barjamlylyk döwrüne degişlidigini subut etmesi bolsa, bu topraklarda gadymýetden ýaşamaga oňaýly, şertleri amatly ýerleriň bolandygyny, şeýle-de dünýäniň syýahatçylaryny hem-de alymlarynyň ünsüni häzirki döwre çenli özüne çekip durandygyny subut edýän hadysalaryň naýbaşysydyr. Nusaý galasyndan tapylan tapyndylar bu ýeriniň medeniýetiniň, sungatynyň hem-de ylmynyň örän çuňňur taryhy köküniň bolandygyny tassyklaýar.
Nusaý galasynda ýaşan, gözelligiň şasy bolan Rodoguna - Nusaý şalygynyň patyşasy Mitrit I–iň gyzy bolup, ol selewkidleriň şasynyň aýalydyr. Gözellikde onuň öňüne geçjek bolmandyr. Gözelligi hem-de aşyklygy bilen dünýäni aňk eden Rodoguna - Gün şalygynyň nyşany hökmünde hut häzirki zaman taryhynda hem bellenilip geçilýär. Ritonlar bilen doldurylan tutuş bir otagyň üsti açylmagy bolsa, bu siwilizasiýanyň baý taryhy gymmatlykdygynyň bolandygyny ýene bir gezek subut etdi.
Ritonlar şirmaýydan ýonulyp ýasalyp, olaryň käbirleriniň detallary altyn çaýylan bürünçden, sap altyndan we bürünçden taýýarlanypdyr. Ýüpek ýoly dünýäni bir sapaga düzen monjuk mysaly ýer togalagynyň müňlerçe kilomertinden uzap gaýdýar. Beýik medeniýetleriň arabaglanyşygyny özünde jemleýän ýüpek ýoly, şu günki gün dünýäniň dostana ýurtlarynyň amlary üçin derwaýys meseleleri özünde saklaýan mazmundyr. Dünýäniň çar künjüne uzaýan ýüpek ýolunyň aýratynlygy her haçan dostlugyň medeni aýratynlyklaryny özünde jemlän bolsa, onda häzirki döwürde ykdysady hem- de syýasy,maddy hem- de ruhy medeniýetleriň bir sapaga düzülmesinde wajyp rol oýnaýar. Her bir gymmatlyk öwrenileninde, ol haýsy medeniýetlerden gözbaş alyp gaýdypdyr, şol medeniýetleri birleşdirýän yklymlarda nämeler has wajyp orunlary tutupdyr hem-de halkyň adalatly ýollaryna olaryň haýsy gelipdir we kimler tarapyndan döredilip, kimler tarapyndan saklanyp galypdyr. Türkmenistan beýik ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşip, häzirki döwürde dünýäniň alymlarynyňdyr, syýahatçylarynyň ünsüni özünde jemleýän beýik medeniýetleriň arabaglanşygyndaky täsin özüne çekiji nokatdyr. Her gysym ýerinden bereket önüp duran türkmen topragynyň esasy bölegini taryhy ýadygärlikler toplumy eýelemek bilen 21 asyryň üns merkezinde durýan – beýik siwilizasiýalaryň arabaglanyşygyny özünde jemleýän medeni ojaga öwrülmesi, Türkmen topragynyň hiç wagt hem alymlary perwaýsyz goýmandygyny alamatlandyrýar.
Bu gün ýaşyl ýaýlalarda ýaýylyp ýatan galalaryň açylmaly syrlarynyň açary Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan beýik ýüpek ýolunyň ýüregi» atly mukaddes kitabydyr.
Berkarar döwletimiziň täze eýýäminiň Galkynyşy döwründe bize şeýle ajaýyp zamanada okamaga, öwrenmäge, halal zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip beren halkymyzy döwletli döwrana ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Merjen DÖWLETOWA,
Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň
Döwlet muzeýiniň hünärmeni.