logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýeňiş güni mynasybetli weteranlar sylaglandy ✦ ✦ «Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Türkmenistan — TÜRKSOÝ: medeni hyzmatdaşlygyň üsti bilen halklary birleşdirýän köpri ✦ ✦ Sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ TOHU-da «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler ✦ ✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Taryhym bar-gaznam bar
  09.12.2019
1023
Taryhym bar-gaznam bar

      Bagtyýar türkmen halkynyň kalbynda ady nagyşlara öwrülip ýazylan Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli  mirasymyza uly sarpa goýulýar. Bäş müň ýyllyk taryhy bolan türkmen halkynyň asyrlara siňen gatlarynda saklanyp galan biziň milli mirasymyz häzirki döwrümizde biziň geçmiş taryhymyzdan şu günlerimize gelip ýeten mukaddeslik hasaplanýar. Ýurdymyzda alnyp barylýan gazuw-agtaryş işleri netijesinde tapylan gymmatlyklarymyz yzygiderliligi  bilen  biziň  milli  muzeýlerimize  tabşyrylyp  durulýär.  Ynha  şeýle  asylly başlangyçlardan ugur alyp, Ahal welaýatynyň çäginde geçirilen arheologiki barlaglar netijesinde ýüze çykarylan taryhy-medeni we ylmy ähmiýete eýe bolan gymmatlyklaryň Änew şäherindäki Milli Ak bugdaý muzeýine tabşyrmak dabarasy  geçirildi. Bu dabara Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Ahal welaýat häkimliginiň gurnamagynda geçirildi. Ahal welaýatynyň çäginde geçirilen arheologik gazuw-barlaglaryň dowamynda ýüze çykarylan taryhy-medeni we ylmy ähmiýete eýe bolan gymmatlyklaryň Änew şäherindäki Milli “Ak bugdaý” muzeýine tabşyrmak dabarasy guramaçylykly ýagdaýda geçdi. Bu günki geçirilen dabara muzeý işgärleri, bagtyýar raýatlarymyz, il sylagly ýaşulylar, mährem eneler, ýokary synp mekdep okuwçylary we bilim işgärleri gatnaşdylar. Dabaraly çäräniň dowamynda çykyş eden bagtyýar raýatlar biziň milli mirasymyz barada, gadymy gymmatlyklarymyz barada, şeýle-de biziň taryhymyza uly sarpa goýýan Hormatly Prezidentimize  minnetdarlyk bildirmek bilen bagly buýsançly sözleri aýtdylar. Medeniýet müdirliginiň işgärleriniň, Ýörüte sungat mekdepleriniň talyplarynyň eden täsirli çykyşlary dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Dabara Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň gurnamagynda ýurdymyzda ady belli muzeý işgärleri hem gatnaşdylar. Aýratyn belläp geçmeli zatlaryň biri hem dabarada agtyklary bile gatnaşan il sylagly ýaşulylarymyz we mährem enelerimiziň tutýan mynasyp orunlary halk köpçüligine aýratyn bir täsir galdyrdy. Dabarada  ýokary synp mekdep okuwçylary muzeý gymmatlyklary bilen yzygiderli tanyşdylar. Milli eşikli gyzlar dabara gatnaşyjylara duz-çörek hödür etdiler. Dabarada telewidenýa we metbugat çykyşlary yzygiderli ýaýbaňlandyryldy. Umuman aýdylanda bu günki geçirilen dabaraly çäre uly üstünliklere beslenip geçdi.