Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler ✦ ✦ Ýurdumyzda Turkiýanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler ✦ ✦ Maşgala terbiýesiniň orny we ähmiýeti ✦ ✦ Oba hojalyk ekinleriniň täze sortlary hasyllylygyň kepili ✦ ✦ Magtymguly Pyragy medeni-seýilgähindäki şahsyýetler: Saýido Nasafi ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk instituty bilim we ylmyň baglanyşygyny berkitýär ✦ ✦ Täze okuw kitabynyň neşiri bilim ulgamyna uly goşantdyr ✦ ✦ Türkmen milli gymmatlyklary täze okuw kitabynda orun alýar ✦ ✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Taryhy maslahatyň taryhy ähmiýeti
  05.12.2021
286
Taryhy maslahatyň taryhy ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň başynda eden taryhy çykyşlarynyň birinde 2021-nji ýylyň ýagny ,,Türkmenistan – parahatçylygyň we yananyşmagyň Watany’’ ýylynyň  durşuna taryhy wakalara, şanly senelere baý ýyllaryň biri boljakdygy barada uly buýsanç bilen belläp geçdi. Dogrudanam ýylymyz uly üstünliklere beslenip tamamlanyp barýar. Ynha şeýle ajaýyplyklary, bagtyýar günleri öz goýnunda besleýän Türkmenistan diýarymyzyň her bir güni toýdur-baýramlara, şanly senelere, taryhy wakalara, ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlara beslenip gelýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdymyzyň kanunçylyk-hukuk binýady barha pugtalanýar, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen kanunçylyk namalary kabul edilýär. Ýurdymyzyň kanunçykaryjylyk edaralary tarapyndan Garaşsyz hem Baky Bitarap Türkmenistan diýarymyzyň has-da ösdürilmegine, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň  has-da gowulandyrylmagyna, şonuň bilen birlikde hem her bir raýatyň kanuny bähbidini üpjin etmäge gönükdirilen kanunlar ýurdymyzyň Konstitusiýasynda özüniň aýdyňlygy bilen beýanyny tapýar. Ynha şeýle asylly başlangyçlardan ugur alyp 30.11.2021-nji ýylda Ahal welaýat häkimliginiň tassyklamagy esasynda Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki Milli “Ak bugdaý” muzeýinde täze kabul edilen kanunlary, şeýle hem “Döwlet ýer kadastry hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny ilata düşündirmek boýunça duşuşyk maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlarynyň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň, şeýle-de Ahal welaýat häkimliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamaklarynda geçirilen bu maslahat aýratyn bir many-mazmuna eýe boldy. Maslahatyň dowamynda çykyş edenler ýurdymyzda ýer kadastry hakynda kabul edilen kanunlar barada, şeýle hem kabul edilen kanunlaryň diňe bagtyýar halkymyzyň bähbidine gönükdirilýändigi barada uly buýsanç bilen bellediler. Elbetde ýurdymyzda alnyp barylýan şeýle beýik işleriň aňyrsynda bolsa halkymyzyň bähbidine gönükdirilen oňyn özgertmeleriň durandygyna biz bagtyýar türkmen halky aýdyňlygy bilen göz ýetirýäris.

Goý, halkymyzyň röwşen geljegi üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, belent başy aman bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!