logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Taryha gezelenç
  31.05.2020
872
Taryha gezelenç


      Bu günki gün daş-töweregimizde bolup geçýän özgegerişikleri görüp, gözellikleri synlap, belent binalary döreden gurluşykçylaryň deňsiz-taýsyz zähmetiniň uly goşandynyň bardygy barada köp oýlanýarsyň halkymyz köpri, ýol, bina gurmak, guýy gazman işlerini sogap hasap edýär. Göreni haýrana galdyrýan we dünýä ülňülerine gabat gelýän şaýollary, köprüleri, kärhanalary, kitaphanalary, teatrlary, ýaşaýyş jaýlaryny, şypahanalary görmäge göz gerek. Ýurdymyzda ak şäherimiz Aşgabadyň binagärlik-gurluşyk taýdan tapgyrlaryň ösdürülmegine hem möhüm ähmiýet berilýär. Gözel paýtagtymyz ajaýyp güne beslenýär. Aşgabadyň gözel binalary, desgalary, köşkleri, şaýollary aklyňy haýran edýär. Şol binalaryň köpüsiniň Ginesiň rekordlar kitabyna girizilmegi bilen olaryň şohraty dünýä dolýar we sungata maýyl kalbyňy ganatlandyrýar. Eziz Watanymyzda amala aşyrylýan işler diňe halkymyzyň bähbidine raýatlarmyzyň döwrebap ýaşamagyna gönükdirilendir. Munuň şeýledigine ýurdumyzda obalaryň, şäherleriň, etrapdäki şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça birnäçe işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze obalaryň açylmagy, obalarymyzda düýpli gurluşyklaryň alnyp barylmagy halkyň göwnüni göterýär. Howwa, Beýik Galkynyş we özgertmeler zamany türkmen halkyny täze bir döwürde ýaşamaga, işlemäge, döretmäge gurmaga ruhlandyrýar. Ýurdumyz täzeden galkynýar, özgerýär. Ajaýyp ertirlerimiziň aladasy bilen ýaşaýan türkmen halkynyň gelejeginiň has eşretli boljakdygyny şu günki tutumly işlerimiz-ykdysadyýetde, syýasatda, saglygy goraýyşda, medenýetde, sungatda, durmuşyň ähli ugurlarynda gazanylýan oňyn netijeler, asuda, parahat durmuşymyzdaky bagtyýar ýaşaýşymyz görkezýär.