logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Science and Education /Talyp ýaşlaryň arasynda programma üpjünçiligi boýunça bäsleşik geçirildi
  01.11.2022
918
Talyp ýaşlaryň arasynda programma üpjünçiligi boýunça bäsleşik geçirildi

Golaýda, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda talyplaryň hünär taýýarlygynyň hilini we döredijilik ukybyny ýokarlandyrmak, gelejekde öz kärine bolan höwesini artdyrmak, başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen talyp ýaşlaryň arasynda programma üpjünçiligi boýunça bäsleşik geçirildi.

Geçirlen bäsleşige 7 topar hersinde bolsa 6 adam jemi 42 sany talyp gatnaşdy. Gatnaşyjylara eminler topary tarapyndan çylşyrymly ýumuşlary berildi. Bäsleşigiň netijeleri boýunça eminler tarapyndan öňdebaryjy topara hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.