logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Syýahatçylyk hyzmatlary
  22.11.2019
1425
Syýahatçylyk hyzmatlary

       Hormatly Prezidentimiziň “Teleçiler ýurdumyzyň altyn hazynasydyr!” – diýip bellemgi, bedew bady bilen öňe barýän milli ykdysadyýetimiziň çalt depginler bilen ösmeginde hususy telekeçiligiň ornynyň ulydygynyň şaýadydyr. Häzirki döwürde ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda hususy telekeçilik özüniň görnükli ornuny tutýar. Bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegi, jemgyýetiň durmuş taýdan galkynmagynda hem uly ähmiýete eýedir. Netijede, harytlaryň we hyzmatlaryň bolçulygy emele gelýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde hyzmatlar ulgamynda syýahatçylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirýän täze hususy kärhanalar açylýar. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýan “Aziýanyň merjeni” hojalyk jemgyýeti hem syýahatçylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirýan kärhanalaryň biridir. Bu ýerde halkymyza Türkiýe, Tailand, BAE, Malaýziýa, Singapur ýaly döwletlere dynç almak üçin syýahatlar gurnalýar.  Russiýa Federasiýasyna, Özbegistan Respublikasyna, Ukraina, Belorussiýa we Ýewpora ýurtlaryna syýahatçylyk wizalaryny resmileşdirmek hyzmatlary ýerine ýetirlýär. Içerki syýahatçylyk boýunça zyýarat syýahatçylygy has köp sanly raýatlarymyz Ak Işan, Paraw Bibi, Şybly Baba, Köneürgenç ýali ýerlere syýahat etýärler.

       Türkmenistan gadymy taryhy ýerlere baý bolmagy hem-de Beýik ýüpek ýolunyň ugrynda ýerleşmegi köp sanly daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni çekýär. Daşary ýurtly jahankeşdelere esasy Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaý galasy ýaly taryhy ýerler, tebigatyň ajaýyp ýerleri bolan Köýtendag, Garagum ýalkymy, Balkan daglaryna, Nohur obasyna syýahat ugurlary gurnalýar. Ak mermerli Aşgabat şäherimiz bolsa, daşary ýurtly jahankeşdelerde ýatdan çykmajak ýatlamalary galdyrýar.