logo

Soňky täzelikler:
✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦ ✦ «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitap ýapon dilinde neşir edildi ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti Baku şäherinde geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Baku, Ýerewan sammitleri: tebigatyň goragynda ✦ ✦ Ahal welaýatynda täze pomidor ýyladyşhanasy açyldy ✦
Baş sahypa / Tebigat /Suwy rejeli peýdalanmak – döwrüň möhüm ugry
  14.01.2023
1372
Suwy rejeli peýdalanmak – döwrüň möhüm ugry

Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwer döwlet syýasatynda ýurdumyzyň obasenagat toplumyny okgunly ösdürmegiň, daşky gurşawy goramagyň, ilatyň ýaşaýyş derejesini gowulandyrmagyň möhüm şerti hökmünde suw gorlarynyň rejeli peýdalanylmagyna uly ähmiýet berilýär. Ekerançylyk meýdanlaryny suwarmagyň hilini gowulandyrmak maksady bilen, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, suw akabalarynyň arassalamak, ýerleri talabalaýyk özleşdirmek babatdaky möhüm wezipeler üstünlikli ýola goýulýar. Suwarylýan ekin meýdanlarynda suw serişdelerinden peýdalanmagyň häzirki zaman tygşytlaýjy usullaryny ulanmakda, kuwwatly suw desgalaryny gurmakda, suw hojalyk desgalarynyň taslamalaryny durmuşa geçirmekde gazanylan üstünlikler netijesinde önümçilik işleri ýylsaýyn artýar. Suw hojalyk toplumynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler ylmy işläp taýýarlamalaryň we innowasion tehnologiýalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen oňyn netijeleri berýär. Ýurdumyzda zeý akabalarynyň suwlaryny peýdalanmak, ýerüsti suwaryşyň agrotehnikasyny kämilleşdirmek wezipeleriniň, suwaryşyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak meseleleriniň netijeli çözülmegine uly üns berilýär.

Suw howdanlaryň möçberini artdyrmak çäreleri hem suwuň ätiýaçlyk gorlaryny döretmäge esas berýär. Ägirt uly suw desgasy bolan «Altyn Asyr» Türkmen kölüniň gurulmagy netijesinde zeý suwlaryny toplamak we Garagum sährasynyň demirgazyk böleginde ýerleşýän «Garaşor» çöketligine ugrukdyrmak suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň gowulanmagyna ýardam berýär. Innowasion häsiýetli «Altyn Asyr» Türkmen köli ýurdumyzyň dünýäniň suw serişdelerini we daşky gurşawy gorap saklamak bilen bagly ählumumy wezipeleriň çözülmegine uly goşant goşýandygynyň subutnamasydyr. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde suw hojalygy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär, ähli welaýatlarda täze suw desgalary ulanmaga berilýär. Bu möhüm ulgamda taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi obasenagat toplumynyň netijeli ösdürilmegine, dänäniň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmaga ýardam berýär. Her damjasy altyna deňelýän, abadançylygyň kepili, bolçulygyň çeşmesi bolan suwy aýawly peýdalanmak boýunça alnyp barylýan asylly ýörelgeler Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has hem ýokarlandyrmak babatda möhüm wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine şert döredýär.

 

Abdyrahman MÄMMETGULYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby.