Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Sungata siňen ömür
  28.08.2020
557
Sungata siňen ömür

       Durmuşda öçmejek yz galdyran sungat ussatlarymyzyň biri-de Türkmenistanyň halk artisti Ogulgurban Durdyýewadyr. Ol 1912-nji ýylda Kaka etrabynyň Ýüzbaşy obasynda ownuk senetkär maşgalasynda dünýä inýär. Ogulgurban Durdyýewa çagalykdan sungata höwesli bolýar. Onuň juwan ýüregi hemişe sungat diýip atygsap durýar. Ol ýüreginiň jümmişinde özüniň sungatda ornunyň bardygyna jany-teni bilen ynanýardy. Teatr studiýasyna okuwa giren zenanlaryň ilkinjileriniň biri bolan Ogulgurban Alty Garlyýew, Aman Gulmämmedow, Sary Garryýew, Gylyç Berdiýew, Sonadyr Suraý Myradowalar ýaly ussat halypalarbilen bilelikde bilim alýar.

       Onuň teatr studiýasynda zehini barha taplanýar. Gruzin dramaturgy Go Moluwaniniň «Abraý» atly sahna eserindäki Natellinanyň keşbi onuň özüne bolan ynamyny has-da artdyrýar. Ol özüniň ýiti ukybydyr tebigy zehini bilen tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekmegi başarýar. Ogulgurban Durdyýewa 1929-njy ýylda teatr studiýasyny üstünlikli tamamlap, şol ýyl açylan Türkmen döwlet drama teatrynda zähmet ýoluna başlap, birnäçe spektakllarda dürli keşpleri ussatlyk bilen janlandyrýar.

      Sahnada dürli häsiýetdäki aýal-gyzlaryň keşbini ezberlik bilen janlandyrmagy başarýandygy üçin oňa Ata Gowşudowyň «Juma» dramasynda Jumanyň gelinligi Güldessäniň, «Nedir şa» oýnunda şa aýalynyň keşpleri onuň ussatlygyny has-da belende galdyrýar. Sahnada zenan keşpleriniň ençemesini döresdip, öz gahrymanlarynyň içki dünýäsine, teatr sungatyna içgin aralaşýar. «Zöhre-Tahyr» pýesasy türkmen milli teatr sungatynda ilkinji sazly-drama sahna eseri hökmünde taryha girýär. Şol döwürde zenan artistler azlyk edendoň, Ogulgurban sahnada biri-birinden düýpgöter tapawutlanýan iki gahrymanyň, ýagny han gyzy Mahymyň, şeýle-de Tahyryň enesi Şahyhubanyň çeper keşplerini janlandyrmagyň hötdesinden gelýär. Ol rusdur ýewropa ýazyjylarynyň eserleri boýunça sahnalaşdyrylýan spektakllarda hem täsirli keşpleri döredýär. William Şekspiriň «Otelle» tragediýasynda Dezdemonanyň, «Romeo we Julýette» oýnunda Julleýettanyň, Nikolaý Ostrowskiniň «Tupanynda» Katerinanyň, Maksim Gorkiniň «Duşmanlar» spektaklynda Kleopatranyň, L.Molýuginiň «Köne dostlar» oýnunda Toýanyň keşplerini ussatlyk bilen ýerine ýetirýär.

       1939-njy ýylyň maýynda teatryň döredileniniň on ýyllygy bellenende, aýal-gyzlardan ilkinjileriň hatarynda zehinli aktrisa Ogulgurban Durdyýewa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly at berilýär. Kino döredijiler ony çeper filmlerde surata düşmäge çagyrýarlar. «Aýal ata çykanda», «Japbaklar», «Daşgaladaky waka», «Gelin», «Serdar» telefilmlerdäki keşpleri oňa üstünlik getirýär. Meşhur Alty Garlyýewiň döreden iki bölümden ybarat bolan «Aýgytly ädim» filminde Artygyň ejesi Nurjahanyň keşbi bolsa tomaşaçylar üçin has-da ýatda galyjy bolýar. Ajaýyp aktrisanyň döreden ene keşbi türkmen kino sungatyna aýtratyn sahypa bolup ýazyldy. Türkmen milli kino sungatynyň ösmegine goşan saldamly goşandy üçin tanymal aktrisa Ogulgurban Durdyýewa 1966-njy ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly at dakylýar.

       Uly göwrümli «Aýgytly ädim» filminde esasy gahrymanlaryň biri- Aýnanyň çeper keşbini döretmek rus gyzy Žanna Smelýanskaýa ýeňil düşmändir. Şeýle bolansoň, Ogulgurban Durdyýewa oňa märekede oturyp-turmagy, gaýma gaýamagy, haly dokamagy, hojalyk işleri bilen meşgullanmagy, çagany elde saklamagy, sallançak üwremegi... öwredipdir. Aýnanyň keşbi şeýle bir şowly çykypdyr. Onuň rus gyzydygyny hiç kim güman etmändir.

     Ogulgurban Durdyýewanyň gyzlary Annabibi, Amanbibi ejesi barada şeýle ýatlaýarlar:

      -Ol örän galjaňdy, elini gowşuryp boş oturmazdy, milli tagamlary taýýarlamagy, el işleri bilen meşgullanmagy, miweli agaçlara serenjam bermegi halardy. Ondan örän kän zatlary öwrenip, özümize nusga edindik. Oňa: «Anha, Artygyň ejesi barýar» diýerdiler. Keşp kalba siňende, ebedi bolýan eken.

       Türkmen milli teatrdyr kino sungatymyzyň ösmegine goşandyny goşan halypa aktrisa Ogulgurban Durdyýewa 1977-nji ýylyň 23-nji dekabrynda 65 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Ol türkmen milli teatr sungatymyzyň düýbüni tutanlaryň ilkinjileriniň biridir. Onuň sahnadadyr filmlerde ussatlyk bilen döreden keşpleri biziň her birimiziň aňymyzda däl kalbymyzda ýaşaýar.