logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Economics /ŞÜDIGÄR SÜRÜMI-TOPRAGA MELHEM
  28.06.2020
845
ŞÜDIGÄR SÜRÜMI-TOPRAGA MELHEM

      Tejen topargynda gallaçy – kärendeçiniň yhlasy bilen kemala getirilen bol hasyl bu gün hemmeleri diýseň begendirýär. Gallaçy ýyl boý çeken zähmetiniň miwesini görýar. Şol bir wagtyň özünde hem ol täze ýylyň bitginli hasylynyň düýbini tutmak işlerine hem ykjam girişýär. Bu işde daşary ýurtlardan satyn alan kuwwatly tehnikalaryň, olaryň bu işe dahylly gurallarynyň güýjinden gije - gündiziň dowamynda netijeli peýdalanýarlar.

       Etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasy tarapyndan şüdgär sürümini geçirmek işleri toparlaýyn usullarda alnyp barylýar. Her bir işde tejribeli mehanizatorlaryň başarjaňlygyna, olaryň işlerine ökdeligine bil baglanylýar. Munuň özi bolsa daýhanyň täze ýylyň bitginli hasylynyň şu günlerden düýbüniň mäkäm tutulmagyna iňňän uly ýardam berýär. Zähmet adamsynyň işe bolan höwesini galkyndyrýar. Bu işe gallaçy kärendeçileriň hut özleriniň gatnaşdyrylmagyň, degişli hünärmenleriň maslahatlarynyň ýerine düşmegi işiň hiliniň ýokary bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Sürüm traktorlarynyň hem-de gurallarynyň arasynda tehnikalarynyň täze tapgyrlarynyň bolmagy kärendeçi daýhany begendirýär.