Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek Statistika boýunça internet bäsleşigi
Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Statistika” dersi boýunça internet bäsleşigi geçiriler. Bäsleşik hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan bilim ulgamyndaky giň gerimli özgertmelere laýyklykda, talyp ýaşlaryň bilimlerini, ukyplaryny we başarnyklaryny ýokarlandyrmak maksady bilen guralýar.
Bu bäsleşik talyplaryň arasyndaky işjeň aragatnaşyklary ösdürmek, maglumat alyşmagy höweslendirmek we statistikanyň häzirki meselelerini çözmek ukybyna eýe bolan ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksadyna eýedir. Bäsleşik statistika dersiniň nazaryýetine degişli bolan 80 sany test soragyndan we 20 sany meselelerden ybarat bolar.
Şahsy we toparlaýyn görkezijiler boýunça iň ýokary netije gazananlar I, II, III derejeli Diplomlar bilen sylaglanarlar. Bäsleşigiň netijeleri Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň resmi internet sahypasynda, bäsleşigiň tamamlanmagyndan bir iş güni geçenden soň yglan ediler.
Goşmaça maglumat üçin, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Guramaçylyk topary bilen habarlaşyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin:
Doly bäsleşik maglumatlary şu salgydan tapyp bilersiňiz: Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Begsoltan ÇARYÝARGULYÝEWA
TDEI-niň talyby