Sport bilen meşgullanmak diňe bedeni güýçlendirmek üçin däl, eýsem saglygy gowulandyrmak, energiýany artdyrmak we durmuş hilini ýokarlandyrmak üçin hem örän peýdalydyr. Emma köp adam sporta başlanda möhüm şertleri gözden salýar: olar netijäni haýal görýär, tiz ýadaýar ýa-da hatda öz bedenine zyýan ýetirýär.
Aslynda mesele sportuň özünde däl, mesele köplenç edilýän ýalňyşlyklarda bolýar. Käte adamlar birnäçe hepde türgenleşip, soň “sport maňa laýyk däl eken” diýip pikir edýär. Ýok, bu ýerde laýyk däl bolan zat sport däl — ýalňyş çemeleşmedir.
Ahal platformasynyň agzybir hünärmenleri tarapyndan taýýarlanan bu makalada sportda iň köp edilýän 10 ýalňyşlygyny giňden düşündirýäris we olaryň ýerine näme etmelidigini gollanma hökmünde görkezýäris.
Bu iň giň ýaýran ýalňyşlyklaryň biridir. Adam uzagyndan sporta başlamagy ýüregine düwýär we ilkinji güni ähli güýjüni sarp edip: agyr ýük göterýär, köp gaýtalama maşklaryny etýär, agyr kardio we fiziki uly güýji talap etýär dürli maşklara başlaýar. Netijede birnäçe günden soň myşsalar agyrýar, beden ýadaýar, höwes peselýär.
Beden durnukly ösüşi haýal we yzygiderli ýük arkaly kabul edýär. Birden güýçli basyş bedeni taýýarsyz ýagdaýda goýýar. Şeýle ýagdaýda şikes almak, sportdan ýüz öwürmek ýa-da ýüregiň güýçli ýadamaklyk ähtimallygyny ýokarlandyrýar.
Bu ýerde düzgün ýönekeý: köp-köpden başlama, yzygiderli dowam et, birden aşa agramlyk şikes ýetmäge we höwesiň tiz gaçmagyna getirip biler.
Köp adam gönüden-göni birbada esasy türgenleşige geçýär, bu bolsa taýýar däl organizm üçin uly ýalňyşlykdyr. Agyr fiziki hereketlerden öňürti, ýyladyş maşklary beden taýýarlygynyň möhüm bölegi bolup, bogunlary, myşsalary we gan aýlanyşygyny işjeňleşdirýär.
Ýyladyş maşklary bolmasa:
Türgenleşikden öň 5–10 minut ýeňil taýýarlyk ýerine ýetirmek zerur, olar:
Bu ýerde dogry çemeleşme gerek, bedeni “oýarmak” gerek, ony birden fiziki agyr hereketlere sezewar etmek ýalňyşlyk bolýar.
Bu ýerde mesele diňe beden güýjünde däl, eýsem ýerine ýetiriliş usulyndadyr. Nädogry tehnika bilen edilýän maşk peýda bermegiň ýerine zyýan ýetirip biler, hususan-da, oturyp-turmak, itip götermek, "plank", "deadlift" ýaly maşklarda tehnika örän möhümdir.
Nädogry ýerine ýetirilen maşk:
Ýatda saklaň: nädogry 100 gezek ýerine ýetirilen maşkdan, dogry 10 gezek ýerine ýetirilen maşk netijelidir.
Köp adam “şu gün höwesim ýok” diýip, türgenleşigi goýup bilýär, ýöne motivasiýa adam üçin mydama ynamly hyzmatdaş däldir — ol käte bar, käte ýok. Sportda netije bolsa diňe güýmenje ýagdaýynda däl, ol yzygiderli we talabalaýyk hereketde bolýar.
Sebäbi motivasiýa adamda üýtgäp durýar, bir gün güýçli isleg bolsa, başga bir gün ýadawlyk ýa-da sussupeslik gurşap alyp biler.
Adam bedeni üçin sportuň dowam etmegi üçin güýçli duýgy däl, yzygiderlilik we tertip gerek.
Soňky ýyllarda köp adam birnäçe hepde sport türgenleşiklerini edip, birden üýtgeşme görmek isleýär, emma beden beýle işleýän gurluş däl. Hakyky durmuşda ösüşiň öz ritmi bar.
Sebäbi:
Käbir adamlar “näçe köp türgenleşseler, şonça hem gowy” diýip pikir edýär. Bu şert adatça ýalňyş düşünje, beden ösüşi diňe fiziki maşklar wagtynda däl, dynç wagtynda hem bolýar.
Türgenleşik wagtynda myşsa dokumasynda kiçi energiýa ýüklenme döreýär, şol dokuma dynç wagtynda dikeldilýär we güýçlenýär. Eger dynç ýok bolsa:
Dynç almak — sportdan gaçmak däl. Bu ösüşiň bir bölegidir.
Sport maşklarymy edip, iýmitlenmäni göz öňüne tutmazlyk netijäni ep-esli peseldýär. Bu ýerde esasy mesele diňe kaloriiýada däl, eýsem iýmitiň hilinde we dogry iýmitlenmekdedir.
Beden türgenleşik üçin energiýa, dikeldiş üçin bolsa gurluş materiallary talap edýär. Dogry iýmit ýok bolsa:
Iýmitlenme — sportuň ýarysy däl, käte onuň has möhüm bölegi bolup durýar. Türgenleşik kämil bedeni emele getirýär, iýmit bolsa onuň durnuklylygyny saklaýar.
Käbir adam diňe ylgaw bilen sporty özünde jemleýär, käbir adam diňe türgenleşik zalda agram daşlaryny göterýär, Emma diňe bir görnüşe ýapyşmak köplenç deňagramly ösüş bermeýär.
Iň gowy ýol — utgaşykly çemeleşme gerek:
Soňky netijede güýçli beden diňe bir myşsa däl, ol güýç, çydamlylyk, çeýelik we deňagramlylyk bilen bilelikde gerek.
Köp adam diňe terezä seredýär we “agram düşdimi?” diýip özünden soraýar, emma agram diňe bir görkezijidir, ol käwagt beden ýagyny ýitirýär we onuň dereginde myşsa agramlygyny gazanýar, ýöne agram elmydama garaşylşy ýaly üýtgemeýär.
Sebäbi aslyýetinde agram:
Şeýle ýagdaýda diňe terezä münüp şoňa görä adam bedeniniň sagdynlygyny ölçeýji şert hökmünde seretmeklik ýalňyşlykdyr.
Soňky ýalňyşlyk diýseň möhüm sebäbi ol sport bilen ýakyn baglanşykda saklaýan adamyň aglaba böleginde duş gelýär, bu ýagdaý: öz ösüşiňi başga biri bilen deňeşdirmek. Sosial ulgamda biriniň birnäçe aýda bedeni üýtgeýär, başga biri ýyllap işleýän ýaly görünýär. Bu bolsa täze başlaýan adamy ruhdan düşürip bilýär, sosial media hakykaty görkeziji zolak däl, bu ýerde marketing we üstünligiň mahabat görnüşi giňden ýaýbaňlandyrylýar.
Sebäbi her adamyň:
Sportda iň uly garşydaş başga biri däl. Köplenç garşydaş — düýpden dowam etdirip yzygiderli alyp bilmezlikdir.
Sportuň peýdasy uludyr, emma diňe dogry ýerine ýetirilende öz netijesini görkezýändir. Ýalňyşlyklar bolsa ösüşi haýalladýar, käte bolsa adamda sporta bolan höwesi ýok edýär, şonuň üçin esasy maksat diňe hereket etmek däl, dogry hereket etmekdir.
Sportda üstünlik gazanmak üçin iň güýçli formula — yzygiderlilik + dogry tehnika + sabyr + dogry iýmitlenmek.
Bu dört şert bar bolsa, netije hökman geler. Tiz bolmasa-da, durnukly bolar.