logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /Sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi
  05.05.2026
598
Sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» diýen şygar astynda geçirilen sport ýaryşlarynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

 

Giň gerimli sport çäresi ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gatnaşyjylary bir ýere jemledi. Ýaryşlara mekdep okuwçylary, talyplar, dürli edaralaryň işgärleri we hukuk goraýjylar gatnaşdylar.

 

Netijeler boýunça, mekdepler arasynda Aşgabat şäheriniň topary ýeňiji boldy. Orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda Aşgabat agrosenagat mekdebi öňe saýlandy. Ýokary okuw mekdepleriniň arasynda bolsa Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň topary öňdeligi eýeledi.

 

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň arasynda Içeri işler ministrliginiň topary ýeňiş gazandy. Şeýle hem ministrlikleriň arasynda Gurluşyk we binagärlik ministrligi öňde boldy, sebitara ýaryşlarda bolsa Aşgabat şäheri ýeňiji boldy.

 

Ýeňijilere medallar, kuboklar we Hormat hatlary gowşuryldy. Çärä dürli guramalaryň wekilleri, tälimçiler we ýaşlar gatnaşdylar. Aşgabat şäheriniň türgenleriniň görkezme çykyşlary dabarany has-da joşgunly etdi.

 

Indiki sport ýaryşlarynyň şu ýylyň oktýabr aýynda başlanjakdygy we indiki ýylyň apreline çenli dowam etjekdigi habar berildi.