logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýeňiş güni mynasybetli weteranlar sylaglandy ✦ ✦ «Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Türkmenistan — TÜRKSOÝ: medeni hyzmatdaşlygyň üsti bilen halklary birleşdirýän köpri ✦ ✦ Sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ TOHU-da «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler ✦ ✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦
Baş sahypa / Sport /Sport - sagdynlygyň gözbaşy
  10.04.2020
891
Sport - sagdynlygyň gözbaşy

       Şeýle at bilen Babadaýhan etrabynyň sport mekdebinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Babadaýhan etrap häkimliginiň  Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň hem-de etrabyň sport we ýaşlar syýasaty bölümi bilen jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda giň göwrümli sport çäresi geçirildi.

      Onuň açylyş dabarasynda çykyş edenler Bütindünýä saglyk güni mynasybetli gutlaglaryny beýan etmek bilen, ýurdumyzda raýatlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi, sport bilen meşgullanmagy üçin döredilen giň şertler barada aýtdylar.

    Sport çäresiniň başy etrabyň çägindäki ýörüte taýýarlanan meýdançada welosiped ýörüşi bilen başlandy. Ýörişe etrabyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärleri, ýaş türgenlerimiz hem-de bagtyýar raýatlarymyzyň köp sanlysy gatnaşdy.     

      Soňra, mekdebiň ýokary derejede enjamlaşdyrylan  zallarynda, şeýle-de meýdançalarynda sport ýaryşlary badalga aldy. TDP-niň etrap komitetiniň işjeň agzalaryndan, edara-kärhanalaryň zähmetkeşlerinden  şeýle-de  ezber türgenlerden düzülen toparlar özaralarynda sportuň   düzzüm, küşt, stoluň üstünde oýnalýan tennis, ýaglyga towusmak we kiçi futbol görnüşleri boýunça çekeleşikli tutluşyklarydyr duşuşyklary alyp bardylar. Sport mekdebine ýygnanan janköýerler raýatlaryň arasynda stoluň üstünde oýnalýan tennisde, düzzüm we küşt oýnamakda ussatlaryň az däldigine göz ýetirdiler. Birnäçe görnüşler boýunça giň gerim alan ýaryş güýçlileri öňe saýlady.

      Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen giň göwrümli sport çäresiniň ýapylyş dabarasynda ýeňiji bolan we tapawutlanan türgenlere Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Babadaýhan etrap komitetiniň şeýle hem etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuruldy.