logo

Latest news:
✦ Aşgabatda «Turkmentravel — 2026» halkara sergisi we maslahaty dowam edýär ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýylyň üçünji sany çapdan çykdy ✦ ✦ Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy ✦ ✦ Takyk ugurly bilimleriň ösdürilmegi — geljegiň berk binýady ✦ ✦ «Ýaş inžener 2026» atly robototehnika we programmirleme bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da «Güýçli brendleriň psihologiýasy» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ «Diller Dünýäsi» merkezinde dil gurnagy geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy ✦ ✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦
Home / Sports /Sport-sagdyn durmuşyň ýörelgesi
  14.11.2019
1810
Sport-sagdyn durmuşyň ýörelgesi

   Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bagtyýar neslimiz asuda, parahat, abadan durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Ata-Watanymyzyň agzybirliginden, jebisliginden, bagtyýarlygyndan eşret tapyp türkmen halky Gahryman Arkadagymyzyň elmydama janynyň sag bolmagyny, belent başynyň aman bolmagyny arzuw etmek bilen ýaşaýar. Ýurdumyz ösýär, özgerýär, ösüşiň täze belentliklerini nazarlap, bedew bady bilen öňe barýar. Şol sanda ýurdumuzda ýaş nesilllerimiziň giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, edepli-ekramly bolup ýetişmekleri üçin boş wagtlary sport bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler döredilen. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli künjeginde spordyň dürli görnüşleri boýunça yzygiderli ýaryşlar geçirilýär. Muňa mysal edip Ak bugdaý etrap sport komitetiniň gurnamagynda 2019-njy ýylyň noýabr aýynyň 11-13-i aralygynda Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde ýerleşýän sport mekdebinde ýetginjek ýaşlaryň arasynda sportyň dürli görnüşleri boýunça ýaryş geçirildi. Hormatly Prezidentimiz ýaşlary köpçülikleýin sporta  we bedenterbiýä çekmek, türgenleriň sport ussatlyklaryny artdyrmak, olaryň sagdyn durmuş baradaky düşünjelerini kämilleşdirmek, türgenlermiziň uly derejelerdäki ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmak ugrundaky tagallalaryndan ugur alyp, geçirilen ýaryşa etrabyň dürli ýerlerinden ýetginjek türgenler, şeýle-de sport mekdebiniň türgenleri gatnaşdylar.

    Uly ruhybelentlikde geçen ýaryşda ýetginjek türgenler sportyň milli göreş görnüşinde 36, 39, 42, 52, 62 kilogram agramlarynda özara güýç synanyşdylar. Onuň netijesinde etrabyň sport mekdebiniň türgenleri toparlaýyn birinji orny eýelediler. Şeýle-de, kikboksing boýunça geçirilen ýaryşda bolsa, ýetginjekleriň arasynda 42, 45, 48, 51, 54 kilogram agramlar boýunça duşuşyklar guraldy we bu görnüşde hem sport mekdebiniň türgenlerine taý gelen bolmady.

   Bulardan başga-da, gyzykly geçen waleýbol ýaryşynda “Änew” toparynyň üstünlikli çykyşlary janköýerlerde uly şatlyk-şowhun döredip, olaryň ýeňiji bolmagy bilen tamamlandy.

    Ýaryşda ýeňiji bolan toparlary sport mekdebiň adyndan hormat hatlary bilen sylaglandylar.