logo

Latest news:
✦ Garaşsyzlyk bahasyz gymmatlyk ✦ ✦ Ýokary derejedäki halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦ ✦ E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi ✦ ✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦
Home / Economics /SPECA maksatnamasynyň çäklerinde sebit gatnaşyklary berkidilýär
  25.01.2026
367
SPECA maksatnamasynyň çäklerinde sebit gatnaşyklary berkidilýär

Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde ykdysady forumyň işi badalga aldy. Forum Merkezi Aziýa sebitiniň halkara ulag-energetika ulgamyndaky möhüm strategik ornuny ýene-de bir gezek tassyklady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Forumda çykyş eden Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Babanyýaz Ýalakow SPECA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň özara bähbitlilik ýörelgesine esaslanýandygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, gatnaşyjy döwletleriň amatly geografik ýerleşişi we tebigy serişdeleriniň baýlygy iri infrastruktura taslamalaryna maýa goýumlaryny giňeltmäge mümkinçilik döredýär hem-de sebitde uzak möhletli ykdysady durnuklylygy üpjün edýär.

 

Ministriň orunbasary Merkezi Aziýanyň dünýä derejesindäki möhüm energetika we ulag geçelgeleriniň biri hökmünde çykyş edýändigini nygtap, durnukly ösüş maksady bilen sebitiň ykdysady mümkinçiliklerini yzygiderli ösdürmegiň zerurdygyny aýtdy.

 

Forumda Türkmenistanyň Ýewraziýa logistika ulgamynyň ösüşindäki öňdebaryjy orny aýratyn bellenildi. Gündogar–Günbatar hem-de Demirgazyk–Günorta ulag ugurlarynyň ösdürilmegi möhüm ugur hökmünde görkezildi. Bu babatda Eýran–Oman–Türkmenistan–Özbegistan geçelgesi we «Lapis Lazuli» ugry esasy halkara taslamalaryň hatarynda durýar.

 

Şeýle-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň sebit we halkara ulag ulgamyndaky ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Port Hazar we Gara deňizleriniň arasynda baglanyşyk döredip, Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Aziýa–Ýuwaş umman sebitlerine çykalgany üpjün edýär.

 

Forumyň dowamynda hyzmatdaşlygyň utgaşdyrylmagy, daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegi we innowasion çözgütleriň höweslendirilmegi sebit bazarlarynyň durnukly ösüşine oňyn täsir eder diýen pikirler öňe sürüldi. Türkmenistan hem SPECA-nyň çäklerinde ykdysady integrasiýa amallaryny mundan beýläk-de işjeň goldamaga taýýardygyny beýan etdi.

 

Ýusup AMANMUHAMMEDOW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.