Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Sözleýiş medeniýetini ösdürmegiň ähmiýeti
  18.01.2023
2984
Sözleýiş medeniýetini ösdürmegiň ähmiýeti

Merdana türkmen halkymyz söz sungatyna, ussat, dilewar adamlara uly sarpa, hormat goýupdyrlar. Ençeme gülküli ýatlamalary ýadygär goýan Ependi, Myraly, Kemine, Ata Köpekmergen ýaly söz ussatlarynyň atlaryny ebedileşdirip, biziň günlerimize çenli ýetiripdirler. Häzirki wagtda şeýle ussat şahsyýetlerimiziň şorta sözleri köpler tarapyndan söýlüp okalýar hem diňlenilýär. Çünki olaryň söze çeperligi, suhangöýlügi, söz baýlygy häzirki nesillere nusgalykdyr. Aslynda, sözleýiş medeniýeti gürlemek hem sözlemek endigi bolup, ol her bir sözüň manysyna dogry düşünmekligi, ony ýerlikli ulanmagy we her bir sözüň edebi dilde aýdylmagyny talap edýär. Her bir ynsan öz içki pikirini, düşünjesini sözleýiş arkaly beýan edýär. Her bir adamyň sözleýiş medeniýeti bir-birinden tapawutlydyr. Mysal üçin, okuw sapagynda okuwçylar bir eseri ýa-da hekaýany gürrüň berende, olaryň hersi şol eseri öz söz baýlygyna hem-de dilewarlyk ukybyna görä beýan edýär. Dürli çeper eserleri yzygider okamaklyk hem adamyň sözleýiş medeniýetini ösdürýär. Şeýle-de näsag adama hem mylaýym, süýji söz aýtmaklyk oňa uly täsir edýär. Her bir adam içki pikirini dürs, çeper, dogry beýan etmegi ýaşlykdan başlap endik edinmeli. Köpçüligiň üýşen ýerinde hem özüňden ulular bar bolsa ýa-da bir zat soralmasa gürlejek bolmaly däl.

Biziň paýhasly pederlerimiz sözüň güýjüni keramatly hasaplapdyrlar. Il arasynda «Dil bela, diş gala», «Ýagşy söz ýylany hininden çykarar», «Köp diňle, az sözle» diýen ýaly parasatly nakyllary, aýtgylary  döredipdirler. Şonuň üçin sözleýişde dürli atalar sözlerini ýerlikli peýdalanmak köpüň ünsüni özüne çekýär. Sözi öz manysynda, öz ýerinde dogry ulanyp bilmezlik medeniýetsizligiň alamatydyr. Söhbetdeş bolnanda ýerliksiz ýere gülüp, gerekmejek sözler bilen  elleri kelemenledip gürlemeklik edepsizlik hasaplanylýar. Her bir sözüň aýdylyş äheňine üns bermeli, çünki aýdylýan her bir jümle diňleýjä dürli täsir edýär. Soňky wagtlarda tehnikanyň ösmegi netijesinde adamlaryň arasyndaky söz gatnaşygynda, telefon, internet ýaly täze sözler köp ulanylyp, olardan ýerlikli peýdalanmagy başarmak möhüm bolup durýar. Sözleýiş medeniýetinde beýan edilýän maglumatlar gysgadan düşnükli, wagty-da mümkin boldugyndan tygşytly bolmalydyr. Jedelli meseleler ýüze çykan ýagdýynda, galmagalsyz, birek-birek bilen düşünişmek arkaly parahat çözmegi endik edinmeli.  Ynsanyň sözleýşi onuň içki dünýäsini, terbiýesini, medeniýetini, görüm-göreldesini, sowatlylygyny açyp görkezýän esasy görkeziji bolup, ýaşlykdan başlap sözleýiş medeniýetiniň gowy kämilleşdirilmegi tutuş ömrüň dowamynda gowulyklara atarýan asylly endik bolar. 

 

Dawut DÖWLETGELDIÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.