logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Soňky jaň dabaralary
  25.05.2020
1179
Soňky jaň dabaralary

    Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda nesilerimiziň giň dünýa garaýyşly, aň düşünjeli bolmagy ugrunda iňňän uly aladalar edilýär.

     Bu gün Tejen etrabynyň we şäheriniň okuwçylary hem-de bilim işgärleri ajaýyp pursatlary başdan geçirýärler. Olar soňky jaň dabarasyny uly ruhybelentlik bilen toýlaýarlar. Şonuň üçin hem etrabyň we şäheriň bilim ojaklary – orta mekdepleri, çagalar baglary bu gün toý lybasyny geýindi. Baýramçylyk dabarasyna bilim işgärleri, ene-atalar, mekdep okuwçylary, etrabyň hem-de şäheriň ýaşaýjylary işeňňir gatnaşdylar. Onda mekdepleriň uçurymlaryna ak ýollar arzuw edildi. Şeýle hem bu baýramçylyk dabarasynda Eziz Diýarymyzy, gözel tebigatymyzy, Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwrüni, bagtly çagalary wasp edýän aýdymlar belentden ýaňlandy. Uçurymlara körpeje okuwçylar tarapyndan ter gül desseleri gowşuryldy.

         Şeýle hem ýylyň dowamynda gowy ýetişikleri gazanan mekdep okuwçylaryna, mugallymlaryna, işgärlerine degişli guramalar tarapyndan ýadygärlik sowgatlary hem-de hormat hatlary gowşuryldy.