Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ “Azerbaýjan – Türkmenistan – Özbegistan” formatynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi ✦ ✦ “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady ✦ ✦ Ýaşlar Forumy – geljege barýan ýol! ✦ ✦ 12-nji awgust - Hazar deňziniň güni! ✦ ✦ Hereketleriň maksatnamalaryny milli syýasatlara ornaşdyrmagyň strategiýalary işlenilýär ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlarynyň 16-njy maksadyny durmuşa geçirmäge ýardam bermek boýunça ugurdaş çäreler geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Parlament forumy ✦ ✦ Awaza 2025: Hususy pudagyň forumy ✦ ✦ LLDC ýurtlar boýunça BMG-niň 3-nji maslahaty dünýä metbugatynda ✦ ✦ Awazada medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti geçirildi ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Ses bilen aragatnaşyk 407 million ýyl mundan ozal peýda bolupdyr
  27.10.2022
802
Ses bilen aragatnaşyk 407 million ýyl mundan ozal peýda bolupdyr

Aragatnaşygyň çeşmesi hökmünde seslenmek birnäçe oňurgaly görnüşlerinde köp duş gelýär. Oňa mysal hökmünde jürküldeýän guşlary, warryklaýan gurbagalary, üýrýän itleri, mawlaýan pişikleri we başgalary mysal getirmek bolar. Bu ses çykarma görnüşleri haýwanlaryň çagalaryny we öz jübütlerini tiz tapmagynda we dürli gylyk-häsiýetlerine ideg etmekde möhüm rol oýnaýar. Özüňi alyp barmagyň bu görnüşi oňurgaly haýwanlaryň ewolýusiýa taryhynyň haýsy tapgyrynda we haçan ýüze çykandygy entek belli däl. Geçirilen deňeşdiriş derňewleri ses bilen aragatnaşygyň gelip çykyşy barada möhüm düşünjäni berýär. Şeýle-de bolsa, giňişleýin öwrenilmedik käbir oňurgalylar baradaky doly däl maglumatlar köplenç derňewlere päsgelçilik döredýär.

Şonuň üçin Sýurih uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky halkara gözleg topary ozal baha berilmedik görnüşlere ünsi jemledi. Gözleg, dört esasy oňurgaly haýwanlardan (pyşbagalar, tuataralar, ýylanlar we balyklar) 53 görnüşiniň ses ýazgylaryny we özüni alyp barşyna degişli maglumatlary öz içine alýar. Geçirilen ylmy gözleg, öň hiç hili ses çykarmaýan görnüşler barada adaty däl maglumatlary ýüze çykardy. Muňa mysal hökmünde pyşdyllary bellemek bolar. Alymlar bu ýuwaş jandaryň hem özüne mahsus sesli aragatnaşyk saklaýandygyny aýdýarlar.

Alymlar mundan öň oňurgaly haýwanlarda sesli aragatnaşygyň ewolýusiýa gelip çykyşyny öwrenmek üçin keýikler, ýylanlar, süýrenijiler, ýerde we suwda ýaşaýanlarda birnäçe usullardan peýdalanyp dürli barlaglary geçirdiler. Geçirilen gözlegler, jandarlaryň takmynan 407 million ýyl ozal ses bilen aragatnaşyk saklamaga başlandygyny äşgär edýär.

Geçirilen ähli gözlegler we derňewler «Nature Neuroscience» žurnalynda çap edildi. 

 

Guwanç AKMÄMMEDOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutunyň talyby.