logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Poetry /«Seň baryňda ejemjan!»
  13.04.2023
1253
«Seň baryňda ejemjan!»

Ene diýmek bir dünýä, ady dillerde dessan,
Jennetiň özi göýä, ýat eder gaýgy-gussaň,
Gözleriň ýola dikip, mydam bizi yzladyň,
Seň baryňda ejemjan bu dünýäm gül-gülüstan.

Ýörjen-ýörjen bolamda söýgi bilen ýöretdiň,
«Eje» sözün diýemde päk duýgyňy bagş etdiň,
Arzuwlaryňa ataryp kalbymyzda ýer etdiň,
Seň baryňda ejemjan bu dünýäm bagy-bossan.

Eje bolup düşündim seň gaýgyňa-gussaňa,
Senden hiç zat islemen ak arzuwlaň bes maňa,
«Balam» diýen sözlerňi gaýta-gaýta aýtsana!
Seň baryňda ejemjan bu dünýäm gül-gülüstan.

Gözlermizde ýaş görseň balalarňa dözmediň,
Umytly sözleň bilen ündäp dilden goýmadyň,
Arş pelegiň sowgady Allam senden goýmasyn,
Seň baryňda ejemjan bu dünýäm bagy-bossan.

Näçe ýazsam az saňa barysy bärden gaýdýar,
Seni göresim gelse, ýatlamalam şat edýär,
Durmuş çarkandak ýolun, seň ündewleň ýat edýär,
Seň baryňda ejemjan bu dünýäm gül-gülüstan.

Ýyllar gidip geçsede biz öňküje çagajyk,
Siz bolsa hemişeki şol mährem hem mähriban,
Käbäm saňa döneýin, siz biz üçin gahryman,
Seň baryňda ejemjan bu dünýäm bagy-bossan.

Mydam seniň aňyňda mährem gyzyň bolaýyn,
Eýjejik serçe – ýaly körpeligme galaýyn,
Näçe ýaşasaň ýaşa saçlaň darap öreýin,
Seň baryňda ejemjan bu dünýäm bagy-bossan!
Mähriban gyzyň size düzüpdir şygyr-dessan.

 

Mähri ALIÝEWA,

Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler 
arkalaşygynyň Kaka etrap 
Geňeşiniň işgäri.