logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Society /Sebit ähmiýetli şäher
  14.07.2026
8
Sebit ähmiýetli şäher

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly özgertmeler amala aşyryldy. Şol özgertmeleriň iň ajaýyp nyşanlarynyň biri hem Arkadag şäheridir. Bu şäher diňe bir täze ilatly nokat bolman, eýsem, häzirki zaman şähergurluşyk tejribesiniň, sanly tehnologiýalaryň, ekologiýa abadançylygynyň we milli binagärlik däpleriniň sazlaşykly utgaşan nusgasydyr.

 

Arkadag şäheri ilatyň ýokary derejeli ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen üpjün edilmegi, ýaş nesilleriň bilim almagy, saglygyny goramagy we medeni dynç alşy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilen şäheridir. Giň we döwrebap şaýollar, gök zolaklar, seýilgähler, ýaşaýyş jaýlary, bilim ojaklary, çagalar baglary, sport desgalary hem-de saglygy goraýyş edaralary şäheriň häzirki zaman keşbini emele getirýär.

 

Şäherde sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy ýaşaýjylara edilýän hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrýar. "Akylly şäher" ýörelgelerine laýyklykda gurlan Arkadag şäherinde dolandyryş ulgamy, ulag hereketi, aragatnaşyk we jemgyýetçilik hyzmatlary häzirki zaman sanly çözgütleri esasynda alnyp barylýar. Bu bolsa wagty tygşytlamaga, amatlylygy artdyrmaga we şäher durmuşynyň netijeliligini üpjün etmäge ýardam berýär.

 

Arkadag şäherinde daşky gurşawy goramaga hem uly ähmiýet berilýär. Şäheriň köçeleri, seýilgähleri dürli görnüşli baglar we güller bilen bezelen. Arassa howany, ýaşyl zolaklary we ekologik taýdan arassa gurşawy döretmek ugrunda alnyp barylýan işler şäheriň gözelligini has-da artdyrýar. Şeýle çemeleşme ilatyň sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmagyna hem oňyn täsir edýär.

 

Şäherde ýaşlaryň bilim almagy we ukyp-başarnyklaryny ösdürmegi üçin ähli şertler döredilendir. Döwrebap mekdepler, çagalar baglary, medeniýet merkezleri we sport toplumlary ýaş nesliň giň dünýägaraýyşly, watansöýüji we ýokary bilimli bolup ýetişmegine hyzmat edýär. Bu bolsa ýurdumyzyň geljeginiň ygtybarly ellerdedigini görkezýär.

 

Arkadag şäheri milli binagärlik däpleriniň häzirki zaman gurluşyk usullary bilen utgaşmagynyň aýdyň mysalydyr. Ak mermerli binalar, özboluşly binagärlik çözgütleri we giň şaýollar şäheriň görküne görk goşýar. Şäheriň her bir desgasy ilata hyzmat etmäge, olaryň rahat durmuşynyň üpjünçiligine gönükdirilendir.

 

Häzirki wagtda Arkadag şäheri diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş sebitiň iň döwrebap we ekologik taýdan arassa şäherleriniň biri hökmünde ykrar edilýär. Bu şäher döwletimiziň ösüşleriniň, halkymyzyň döredijilikli zähmetiniň we geljege bolan uly ynamynyň nyşanydyr.

 

Arkadag şäheriniň gurulmagy ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde täze tapgyryň başlanandygyny görkezýär. Şeýle döwrebap şäherler halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ýaş nesliň mynasyp terbiýelenmegi we ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da ýokarlanmagy üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Şeýle hem Arkadag şäheri geljek nesiller üçin nusgalyk şäher bolup, Türkmenistanyň ösüş ýolundaky beýik üstünlikleriniň aýdyň beýany hökmünde taryha altyn harplar bilen ýazylar.

 

Yhlas ALYMUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.