Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Жаутыковская олимпиада: Успех туркменской молодежи ✦ ✦ Žautykow Olimpiadasy: Türkmen ýaşlarynyň üstünligi ✦ ✦ Halkara saglygy goraýyş ulgamynda Telemedisinanyň ähmiýeti ✦ ✦ Parahatçylyk we ynanyşmak — dünýäniň abadançylygynyň we adamzadyň ösüşiniň esasy ýörelgeleridir ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ähliumumy parahatçylygyň gözbaşy ✦ ✦ Tebigat şypaly baýlyklaryň çeşmesi ✦ ✦ Berkarar döwletiň waspy çeper dillerde ✦ ✦ Buýanyň saglyga peýdasy we onuň köp ugurly ulanylyşy ✦ ✦ Kitap okamagyň peýdalary ✦ ✦ Ekologiýa: daşky gurşawy goramagyň ähmiýeti ✦
Baş sahypa / Tebigat /Sazlaşykly esasda ösdürilýän netijeli işler
  23.05.2023
298
Sazlaşykly esasda ösdürilýän netijeli işler

Berkarar Watanymyzda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda obasenagat toplumynyň ösdürilmegine, barha kämilleşdirilmegin, ekologiýa syýasatyny alyp barmaga, daşky gurşawy goramaklyga giň ýol açylýar. Oba hojalyk önümçiligini sazlaşykly ösdürmegiň durnukly şerti hökmünde suwarymly ýerleriň netijeliligini artdyrmak, bugdaýyň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny durnukly almagyň, obasenagat toplumynyň kuwwatyny amala aşyrmagyň möhüm şerti hökmünde suwarymly ekerançylygyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça möhüm ädimler ädilýär. Garagum sährasynda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagy dünýäniň suw serişdelerini aýawly saklamak we daşky gurşawy goramak bilen bagly bolan ählumumy meseleleri çözmäge Türkmenistanyň uly goşandynyň aýdyň mysallarynyň biridir. Meýdanlarda ýygnanan ýerasty suwlaryny öz wagtynda sowmaga, ýerleriň ýagdaýyny gowulandyrmaga, topragyň şorlamagynyň öňüni almaga, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga hem-de ýerasty suwlaryny ikilenç peýdalanmaga gönükdirilen bu giň gerimli taslama diňe biziň ýurdumyzda däl-de, eýsem tutuş sebitde ekologik ýagdaýy gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, hojalyk we beýleki işleriň daşky gurşawa we ilatyň saglygyna ýaramaz täsiriniň öňüni almaga gönükdirilen işler ýola goýulýar. Aral deňzini halas etmäge degişli meseleleri hem aýratyn bellemek gerek. Ýurdumyzda bolşy ýaly, umuman, sebitde hem ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, bu ugurda giň netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça öňdengörüjilikli tebigaty goraýyş syýasatyny durmuşa geçirip, Türkmenistan döwletimiz Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň howandarlygynda geçirilýän halkara maksatnamalaryna we çärelerine işjeň gatnaşýar. Munuň özi ilatyň Aralyň ýakasynda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmäge, suw we beýleki tebigy serişdeleri oýlanyşykly peýdalanmaga, bag ekilişini amala aşyrmaga hem-de sebitiň çölleşmeginiň öňüni almaga, biologik köpdürliligi gorap saklamaga, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga gönükdirilen bolup durýar. Gözel paýtagtymyzyň hem-de onuň töwerekleriniň, welaýat we etrap merkezleriniň, obalaryň tebigy gurşawy ýokary derejede özgerýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde dürli bag nahallary oturdylýar. Oba ýerlerinde täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek arkaly oba ilatynyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, ýer-suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, tohumçylygy ösdürmek, innowasiýanyň öňdebaryjy usullaryny giňden ornaşdyrmak babatdaky özgertmeleriniň çäklerinde amala aşyrylýan giň möçberli möhüm işler mynasyp miwesini berýär. Her ýylda ak bugdaýyň bol hasylyny ýygnaýan edermen türkmen gallaçylary diňe bir ata Watanymyzyň azyk garaşsyzlygyny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, azyklyk bugdaýy hem-de beýleki oba hojalyk önümlerini eksport edýän ýurt hökmünde tanalýar. Ekerançylaryň yhlasly zähmetiniň netijesi agzybir halkymyzyň bereketli saçaklarynyň bezegi, günsaýyn kuwwatlanýan ata Watanymyzyň abadançylygynyň we gülläp ösüşiniň, gadymy türkmen topragynyň baýlygynyň egsilmez çeşmesi bolup çykyş edýär. 

 

Parahat MEREDOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.