logo

Soňky täzelikler:
✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan baýramçylyk konserti geçirildi ✦ ✦ Gurbanlyk baýramy — ynsanperwerligiň we sahawatlylygyň baýramy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy ✦ ✦ Çagalaryň sözleýşini ösdürmegiň netijeli usullary ✦ ✦ Aziýa ösüş bankynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy ✦ ✦ Sanly aragatnaşyk - häzirki zaman ösüşiniň binýady ✦
Baş sahypa / Sport /Sarahs etrabynyň açyk birinjiligi
  22.04.2020
1547
Sarahs etrabynyň açyk birinjiligi

    Sarahs etrabynyň sport mekdebinde milli göreş boýunça etrabyň açyk birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň hem-de etrabyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen ýaryşa dürli agramdaky türgenleriň birnäçesi gatnaşdy.

    Ýurdumyzda geçirilýän saglyk aýyna bagyşlanyp geçirilen milli göreş boýunça ýaryşynyň esasy maksady ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ugrundaky tagallalardan ugur alyp, ýaşlary köpçülikleýin sporta we bedenterbiýä çekmekden, türgenleriň sport ussatlyklaryny ýokarlandyrmakdan, milli göreş boýunça güýçli türgenleri ýüze çykarmakdan hem-de höweslendirmekden ybarat boldy. Türgenler 27 kg-dan 67 kg aralygynda güýç synanyşyp, 27 kg-da etrabyň 1-nji orta mekdebiniň okuwçysy Pälwan Babajanow, 39 kg-da etrabyň 1-nji orta mekdebiniň okuwçysy Umyt Annalyýew, 48 kg-da etrabyň 19-njy orta mekdebiniň okuwçysy Gaýgysyz Tekemyradow, 57 kg-da etrabyň 1-nji orta mekdebiniň okuwçysy Arslan Atamyradow we 68 kg-da etrabyň 21-nji orta mekdebiniň okuwçysy Şatlyk Orazmyradow dagylar 1-nji orny eýelediler.

   Ýaryşyň ýapylyş dabarasynda ýeňijiler sylaglandy. Olara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap geňeşligi tarapyndan ýörite sowgatlary gowşuryldy hem-de ýeneki ýaryşlarda üstünlik arzuw edildi.