Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Mary welaýatynyň gaz pudagy 2026-njy ýyly ýokary önümçilik netijeleri bilen başlady ✦ ✦ Bank we söwda ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy dowam edýär ✦ ✦ Türkmenistanda maldarçylygyň ekologiýa taýdan durnuklylygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ «Bitaraplyk — dillerimiziň senasy» atly iňlis dili bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen talyplary nazary mehanika boýunça VI halkara olimpiadada üstünlik gazandylar ✦ ✦ Arkadag şäherinde Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi ✦ ✦ Hytaý we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk ösdürilýär ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Sanlylaşdyrmagy ösdürmegiň rowaçlanýan ýolunda
  21.01.2023
1558
Sanlylaşdyrmagy ösdürmegiň rowaçlanýan ýolunda

Täze Galkynyşyň durmuşymyza rowaçlyk çaýýan ajaýyp döwründe Arkadagly Serdarymyzyň milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde sanly ulgamy ornaşdyrmaklygyň kesgitlenmegi ýurdumyzyň häzirki we geljekki ösüşi üçin wajyp ädimdir. «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň esasy maksatlaryny, möhüm ugurlaryny amala aşyrmagyň tapgyrlary kesgitlenilendir. Onuň esasy maksady milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň sanlaşdyrylmagyny gazanmakdan, maglumat taýdan üpjün etmekde zerur bolan şertleri ýola goýmakdan ybaratdyr. Sanly ulgama daýanýan ykdysadyýetiň ýüze çykmagyny şertlendiren sebäpleri, onuň ilat üçin döredýän oňaýlyklaryny, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşi üçin bähbitli taraplarynyň aýdyňlaşdyrylmagy häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan sanly özgertmeleriň ähmiýetine düşünmäge, maglumat jemgyýetini kemala getirmäge ýol açýar. Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň ýaş nesliň bilim derejesiniň ýokarlanmagyna edýän täsiri örän ýokarydyr. Bu ugurda kämil hem akylly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ýagdaýdyr. Maýa goýumlaryň köp böleginiň bilim ulgamynda ulanylýan sanly tehnologiýalaryň kämilleşdirilmegine gönükdirilmegi, onuň okatmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmakda ulanylmagy bilimiň ýokary hilini gazanmaga şert döredýär. Täzeçil pikirlenmek, täzeçil çemeleşmeleri teklip etmek endikleri diňe kämil tehnologiýalardan oňat baş çykarýan, zehinli hem döredijilik ukyby ýokary bolan ýaşlara başardýar. Şol nukdaýnazardan hem, ylym-bilimiň kämilleşdirilmeginiň, internetiň ösdürilmeginiň hasabyna elektron hyzmatlarynyň kämil ulgamlaryny döretmek, olaryň görnüşlerini yzygiderli artdyrmak we kämilleşdirmek boýunça işleri utgaşykly ýola goýulýar. Häzirki wagtda ylmyň hem-de durmuş hyzmatlarynyň özara baglanyşygyny yzygiderli pugtalandyrmak arkaly durmuş goraglylygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça uly işler amala aşyrylýar. Ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň sanlylaşdyrylmagynyň esasy maksady zähmet işini täzeçe guramagyň netijeli ugurlaryny emele getirip, hyzmatlaryň düzümini we hilini kämilleşdirmegiň hasabyna raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Çünki halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli özgertmek döwletimizde alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar.

Eziz Watanymyzy ösüşiň belent sepgitlerine alyp barýan, bagtyýar halkymyzyň abadançylygy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolup, beýik işleri rowaç alsyn! 

 

Baýram GURBANDURDYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.