Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda eziz ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi çalt depginler bilen sazlaşykly ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmaga, ylmyň we tehnikanyň täze gazananlaryny durmuşa ornaşdyryp, eziz Watanymyzyň at-abraýyny belende galdyrmaga gönükdirilen tutumly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ýokary depginli ösüşini üpjün etmek üçin milli ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny sanlylaşdyrmak bilen bagly wezipeler öňe sürülýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» gelip çykýan möhüm wezipelere baglylykda ykdysadyýetimiziň innowasion ösüşine ýol açylýar. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň netijeli işlemegine gönükdirilen maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden peýdalanmak netijesinde ähli çäreler işjeň ýaýbaňlandyrylýar. Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň maksatlaryna laýyklykda, döwlet edaralaryny sanly ulgama geçirmegiň depginini ýokarlandyrmak geljegi uly bolan ugurlaryň hatarynda durýar, şeýle hem elektron resminama ulgamyna geçmegi işjeňleşdirmek boýunça toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Olaryň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar, ýörite programma üpjünçiligini taýýarlamak boýunça möhüm işleriň giň toplumy ýerine ýetirilýär. Bu işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň oňyn netijeleri berýändigine gazanylýan üstünlikler aýdyň şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda sanlylaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän giň möçberli çäreler döwrüň möhüm talabydyr. Çünki ol degişli amallary ýerine ýetirmek üçin sarp edilýän wagtyň tygşytlanylmagyna, ýerine ýetirilýän her bir işiň hiliniň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan giň möçberli özgertmelere we sanly ykdysadyýet konsepsiýasyna laýyklykda, ylym, bilim ulgamyndaky ösüşler pugtalanýar. Munuň üçin ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärler açylýar, inženerçilik-tehniki, tehnologiýa we beýleki zerur ugurlar boýunça okatmagyň usulyýeti kämilleşdirilýär. Bu babatda durmuşa geçirilýän çäreler IT-hünärmenleriniň taýýarlanylmagyna ýardam edýär. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň sanlylaşdyrylmagy, täzeçil, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýetiň döredilmegi bolsa eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyryp, oňyn ösüşlere besleýär, diýarymyzy bedew bady bilen öňe sary alyp barýar. Bagtyýar döwrümiz hem ýurdumyz üçin şeýle uly tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Juma SABYROW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary
institutynyň 1-nji ýyl talyby.