Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Mary welaýatynyň gaz pudagy 2026-njy ýyly ýokary önümçilik netijeleri bilen başlady ✦ ✦ Bank we söwda ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy dowam edýär ✦ ✦ Türkmenistanda maldarçylygyň ekologiýa taýdan durnuklylygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ «Bitaraplyk — dillerimiziň senasy» atly iňlis dili bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen talyplary nazary mehanika boýunça VI halkara olimpiadada üstünlik gazandylar ✦ ✦ Arkadag şäherinde Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi ✦ ✦ Hytaý we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk ösdürilýär ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Sanly ykdysadyýet – döwrebap ösüşlere badalga
  23.01.2023
746
Sanly ykdysadyýet – döwrebap ösüşlere badalga

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimizi tapgyrlaýyn bazar gatnaşyklaryna geçirmek babatdaky netijeli işler toplumda täze-täze mümkinçilikleri açýar. Dünýäniň ylmy-tehniki gazananlarynyň öňdebaryjy usullarynyň yzygiderli peýdalanylmagy ýurdumyzda döwrebap ugurlaryň kemala gelmegini kepillendirýär. Häzirki wagtda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda möhüm wezipeleriň ýerine ýetirilmegini kesgitlemegi, sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmegi, bu ugurlarda hünärmenleri taýýarlamagy, şeýle hem ähli pudaklara sanly hyzmatlary tapgyrlaýyn ýerleşdirmeklik göz öňünde tutulýar. Bu bolsa pudaklary tehnologiýa taýdan özgertmegiň hem-de ykdysadyýeti ösdürmegiň özboluşly  ugry bolup durýar. Häzirki döwrüň möhüm talaby bolan sanlylaşdyrmak milli ykdysadyýetimiz üçin hil taýdan täze döwre badalga bolup, durmuş-ykdysady ösüş babatda Arkadagly Serdarymyzyň çuňňur oýlanyşykly esaslandyrylan döwlet strategiýasy esasynda alnyp barylýar.

Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň arasynda serişdeleriň netijeli paýlanylmagyny üpjün etmek durmuş wezipelerini çözmäge, maýa goýum işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de durnukly ykdysady ösüşi saklamaga, ähli pudaklary öňdebaryjy tehnologiýalara geçirmäge ýardam eder. Tehnologiýalaryň ösmegi bilen sanlylaşdyrmak işi dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna girmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda özara bähbitli söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, ylmy-tehniki ösüş babatda özara gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň peýda bolmagyny gazanmak we işläp taýýarlamak bilen bagly asylly işler mynasyp kemal tapýar. Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde pudaga maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýurduň ykdysady ulgamynyň ösüşe ukyplylygyny häsiýetlendirýän görkeziji bolup çykyş edýär. Bu bolsa sanly maglumatlaryň, akylly serişdeleriň önümçiligi ýokarlandyrmakda eýeleýän ornunyň uludygyny alamatlandyrýar. Sanly ykdysadyýeti ösdürmek ilkinji nobatda, ýaş nesilleriň bilim derejesiniň ýokarlanmagyna uly täsir edýär. Häzirki döwürde ösen döwletlerde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryň ösmeginde ylym we bilim pudagy ösdürmegiň netijeli serişdesi bolup durýar. Ösen döwletlerde maýa goýumlaryň köp böleginiň bilim ulgamynda ulanylýan sanly tehnologiýalaryň kämilleşdirilmegine gönükdirilmegi, ýagny olaryň okatmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmakda ulanylmagy bilimiň ýokary hilini gazanmaga şert döredýär.

Şeýle bagtyýar döwrümizde milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak, sanly ulgamdan kämil baş çykarýan täze hünärmenleri kemala getirmek ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, döwlet ähmiýetli işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!  

 

Bahar ÇARYÝEWA,

Baýramaly Agrosenagat
orta hünär okuw 
mekdebiniň mugallymy.