logo

Latest news:
✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦ ✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦
Home / Science and Education /Sanly ulgamyň sansyz mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp
  20.12.2022
847
Sanly ulgamyň sansyz mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp

Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk hem döwrebaplaşdyryp, ösüşleriň ýoly bilen barha ösdürmek hem-de innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda sanly ulgamyň biz eçilen uly mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmaga döwlet derejesinde aýratyn üns berilmegi netijesinde, ähli ulgamlaryň kanunçylyk-hukuk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Sanly bilim ulgamy innowasiýalaryň ösen eýýamynda bilim ulgamynyň gurluşynda möhüm aýratynlyga eýedir. Bilim berlişiniň dürli basgançaklarynda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary giňişleýin peýdalanylýar. Elektron görnüşli okuw kitaplary, okuw gollanmalary, amaly okuwlar we gündelik okalýan sanly elektron gazet-žurnallar ulanylýar.

Milli ykdysadyýetimiziň barha kuwwatlanmagynda şu günki ýaşlaryň ösen aň-düşünjeli, oýlap tapyjy, dörediji bolup ýetişmekleri häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Sanly maglumatlara daýanýan ykdysadyýetiň ösüşini şertlendirýän sebäpler we onuň ilatymyz üçin döredýän oňaýlyklary ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini üpjün edýär. Ösen innowasiýalaryň ornaşdyrylmagynyň netijesinde bilim berlişiniň hiliniň ýokarlanmagyny şertlendirýän, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan milli bilim ulgamynyň ösdürilmegi ýurdumyzyň ösüşiniň möhüm strategik ugrudyr. «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň maksatlary, wezipeleri, ugurlary, amala aşyrmagyň tapgyrlary kesgitlenildi. Baş maksady ykdysadyýetiň pudaklarynyň sanlylaşdyrylmagyny gazanmakdan, ähli ulgamlary maglumat taýdan üpjün etmekden ybarat bolan başlangyçlaryň durmuşa geçirilmeginden gazanylýan netijeler ýokarylygy bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň bu konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeler sanly bilimi ösdürmegiň ähli tapgyrlarynda okatmagyň elektron serişdeleri bilen üpjün edilmegine hem-de sanly bilim berilmeginiň usullarynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilendir. Häzirki wagtda ylym-bilim, innowasion tehnologiýalar bilen içgin gyzyklanýan, döredijilikli, uky-başarnykly ýaşlary ýüze çykaryp, olaryň zehinini açyp görkezmegi üçin ähli möhüm şertler bar. Maglumat-aragatnaşyk ulgamynyň gazananlaryna, ösen tehnologiýalara daýanýan milli ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagy barha ösdürmek döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenilendir. Bu bolsa eziz ýurdumyzyň geljekki ösüşlerinde möhüm ädim bolup çykyş edýär. 

 

Nurmuhammet HUDAÝKULOW,

S.A.Nyýazow adyndaky 
Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.