Baý tebigy serişdeleri we kuwwatly ykdysady mümkinçilikleri bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda innowasion ösüş ýoluny saýlap, ynamly öňe barýar. Bu ösüşde milli ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny sanly ulgama geçirmek möhüm orun eýeleýär. Sanly özgertmeler halk hojalyk toplumyny döwrebaplaşdyrmaga hem-de onuň iş netijeliligini ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär.
Häzirki globallaşma döwründe tehnologiýalaryň ösüşi ykdysady öňe gidişiň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek milli Liderimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan özgertmeler strategiýasynyň möhüm bölegidir. Bu strategiýa diňe bir durnukly ösüşi üpjün etmän, eýsem, dünýä ykdysady ýagdaýlaryna uýgunlaşmaga we daşarky töwekgelçilikleri azaltmaga hem mümkinçilik berýär.
Sanly tehnologiýalaryň artykmaçlyklary giň gerime eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, bu ulgamda hukuk kadalarynyň kämilleşdirilmegi, döwrebap dolandyryş usullarynyň ornaşdyrylmagy, degişli infrastrukturalaryň döredilmegi hem-de ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanmagy aýratyn ähmiýete eýedir.
Sanly ulgama geçmek häzirki wagtda durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň esasy guraly bolup çykyş edýär. Dünýäde sanly tehnologiýalar bazary çalt depginler bilen ösýär we ol täze iş orunlaryny döretmekde, aýratyn-da ýaşlary iş bilen üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Türkmen ykdysadyýetiniň gurluşy häzirki wagtda diwersifikasiýa we senagatlaşma ugrunda düýpli özgerýär. Ýurdumyzda we daşary ýurt bazarlarynda uly islegden peýdalanýan, bäsdeşlige ukyply taýýar önümleri öndürmek, bazar gatnaşyklaryny ösdürmek we hususy pudagy goldamak esasy ugurlar hökmünde kesgitlenildi.
Öňdebaryjy tehnologiýalar gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülip, zähmeti guramagyň, bilim almagyň we dynç almagyň täze görnüşlerini döredýär. Türkmenistan dünýä tejribesini öwrenmek bilen birlikde, sanly ulgama geçmegiň özboluşly nusgasyny işläp taýýarlamagy maksat edinýär. Bu nusga diňe taýýar çözgütleri import etmek bilen çäklenmän, eýsem, milli ylmy-tehnologik we aň-paýhas mümkinçiliklerine esaslanýar. Ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly pudaklary, hususan-da elektron senagatyny ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Programma üpjünçiligini, elektron hyzmatlaryny we maglumat portallaryny döretmek boýunça giň gerimli çäreler görülýär. Türkmen hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan sanly önümler häzirki wagtda iş ýüzünde giňden ulanylýar we hili, amatlylygy boýunça daşary ýurt önümlerinden kem galmaýar.
Gülşirin GURBANOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
mugallymy.