Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Paýtagtymyzyň asma ýolunda abatlaýyş İşleri geçiriler ✦ ✦ "Hakyda göwheri" - Dünýä paýhas bilen aýlanýar, zehin bilen nurlanýar ✦ ✦ Жаутыковская олимпиада: Успех туркменской молодежи ✦ ✦ Žautykow Olimpiadasy: Türkmen ýaşlarynyň üstünligi ✦ ✦ Halkara saglygy goraýyş ulgamynda Telemedisinanyň ähmiýeti ✦ ✦ Saglyk ulgamynyň ösmeginde tehnologiýanyň orny ✦ ✦ Parahatçylyk we ynanyşmak — dünýäniň abadançylygynyň we adamzadyň ösüşiniň esasy ýörelgeleridir ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ähliumumy parahatçylygyň gözbaşy ✦ ✦ Tebigat şypaly baýlyklaryň çeşmesi ✦ ✦ Berkarar döwletiň waspy çeper dillerde ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Sanly ulgam ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm şerti
  20.04.2023
867
Sanly ulgam ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm şerti

Barha kuwwatlanýan, uly ösüşlere eýe bolýan eziz Türkmenistan Watanymyz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda innowasion ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamy doly ornaşdyrmaklyga uly ähmiýet berilýär. Munuň özi bolsa ähli ugurlary döwrebaplaşdyrmagyň we netijeliligini artdyrmagyň möhüm şerti bolup çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmekde ylmy taýdan esaslandyrylan özgertmeler oňyn ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, dünýä derejesi bilen aýakdaş gitmeklige esas döredýär. Sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaklyk onuň kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň kämilleşdirilmeginiň, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň zerurlygyny şertlendirýär. Häzirki wagtda sanly ulgama geçilmegi durnukly ösüşiň ileri tutulýan wezipelerini çözmegiň açary bolup hyzmat edýär. Sanly tehnologiýalar ulgamy dünýäde okgunly ösýän ugur bolmak bilen, ol aýratyn hem ýaşlary iş bilen üpjün etmegiň giňden ýaýran ulgamlarynyň biridir. Çünki öňdebaryjy tehnologiýalar gündelik durmuşymyza içgin ornaşmak bilen, tutuş dünýämizi özgerdýär. Ýurdumyzda hem dünýäniň öňdebaryjy tejribesi içgin öwrenilip, sanly ulgamyň ylmy-tehnologik we aň-paýhas kuwwatyna esaslanýan nusgasy işlenip taýýarlanyldy. Ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly pudaklary, elektron senagaty ösdürmäge uly üns berilýär. Maglumat portallaryny, programma üpjünçiligini döretmek, elektron hyzmatlaryny ýola goýmak boýunça netijeli çäreler görülýär. Türkmen hünärmenleri tarapyndan işlenilip taýýarlanylan täze sanly usullaryň iş ýüzünde giňden ulanylýandygy hem guwandyryjy ýagdaýdyr. Innowasion çözgütleriň netijeli ulanmak, dürli ugurdaky özara gatnaşyklaryň, önümçiligiň derejesini we hilini ýokarlandyrmak, hyzmatlary kämilleşdirmek bu ulgamy özgertmäge ýardam edýär. Ýurdumyzda bu ugurda geçirilýän işler durmuş ugurly syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, durnukly ykdysady ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Sanly ulgama geçmekde ýurdumyzda internet-söwdany ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Bu ugurda özgertmeleriň amala aşyrylmagy täze, geljegi uly bolan işewürlik nusgasyny döretmäge şert döredýär we onuň netijeli hukuk binýady döredilýär. Ösen tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, iň täze enjamlaryň we programma üpjünçiliginiň girizilmegi, maglumat serişdeleriniň netijeli ulanylmagy, sanly özgertmeleriň alnyp barylmagy ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň innowasion usullaryna giň ýol açýar. 

 

Dürsoltan ANNALYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň 1-nji ýyl talyby.