Hepdäniň çarşenbe güni Aşgabat şäherinde «Türkmengaz» döwlet konserniniň medeni-işewürlik merkezinde “Sanly dünýa: Ýaşlar. Ösüş. Geljek.” atly okuw-usuly maslahaty geçirildi. Maslahatda sanly ykdysadyýetiň durmuşa geçilmegi bilen bir hatarda, kibermediýet sowatlylygyny zerurlygy barada aýdylyp geçildi. Kibermedeniýetiň ösüş bilen bir hatarda, onuň tehnologiýalary, hukuk esaslary, sosial-psihologiki we saglyk ýagdaýlaryna täsirleri barada degişli hünärmenler öz tejribelerini paýlaşdy.
Maslahata Aşgabat şäherindäki ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdy.
Maslahatyň alyp baryjylygyny Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň bölüm müdiri Gurbanmyrat Muhammedow ýerine ýetirdi.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy, Mejlisiň deputaty Bahar Seýidowa; Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy Ýazpolat Keriýew; Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy, institutyň Ýaş alymlar Geňeşiniň başlygy Döwrangeldi Suwhanow; Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Metbugat merkeziniň bölüm müdiri, polisiýanyň podpolkownigi Toýly Abdullaýew; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň sanly ykdysadyýet kafedrasynyň müdiri Berdimyrat Orazow hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Maglumat beriş bölüminiň müdiri Merdan Ataýew täsirli çykyş etdiler.
“Sanly dünýa: Ýaşlar. Ösüş. Geljek.” atly okuw-usuly maslahaty Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde gurnamagynda geçirildi.
Sanly ulgam we kibermedeniýet okuw usuly maslahatynyň esasy maksady Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow başlyklygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler barada eden çykyşyny we “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda”, “Aragatnaşyk hakynda”, “Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda”, “Maglumat we ony goramak hakynda”, “Türkmenistanyň döwlet maglumat ulgamlaryndaky maglumaty goramak hakynda”, “Kiberhowpsuzlyk hakynda” Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan esasy maksatlary we wezipeleri hem-de internet torunyň ösdürilmegi we peýdalanylmagy babatda işi düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryny ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň, ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriniň mugallymlarynyň arasynda wagyz etmek we öňde goýan wezipeleri durmuşa geçirmekden ybarat boldy.
Eýsem sanly bilim ulgamy näme?
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň esasy hünärmeni Pirnazar Rejepow, yashlar.gov.tm saýtyndaky makalasynda sanly ulgam barada şeýle maglumat beriär:
Sanly bilim ulgamy – bu okuw prosesiniň dürli meselelerini üpjün etmek üçin döredilen açyk maglumat ulgamlarydyr. Bilim ulgamy ep-esli maglumatlary yzygiderli döredýär we ýygnaýar, häzirki wagtda köp sanly bilim dersleri tarapyndan bu maglumatlar bilen yzygiderli işlemek meselesini iň möhümleriň biri diýip atlandyryp bolar. Uly maglumatlar, bilim ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin okuwy üýtgetmek, çemeleşmeleri täzeden gözden geçirmek we tejribe uýgunlaşdyrmak üçin güýçli gural bolýar.
Häzirki zaman dünýäsinde bilim ulgamlaryndaky köp meseläni çözmek üçin tehnologiki mümkinçiliklerden peýdalanmak gutulgysyz. Tehnologiki ösüşler, esasanam internetde, maglumatlaryň çäksiz we aňsat bolmagyna mümkinçilik berýär.
Maglumat gurşawy bu günki günde jemgyýetiň ähli ugurlarynda has-da işjeň ulanylýar. Ol bir tarapdan, ykdysady, gorag, sosial, syýasy we milli howpsuzlygynyň düzüm bölekleriniň ýagdaýyny mese-mälim kesgitleýär hem-de dürli jemgyýetçilik gurluşyň howpsuzlygyna täsir edýär. Beýleki tarapdan, maglumat howpsuzlygy howpsuzlygyň özbaşdak bölegi, ähmiýeti we alamaty hökmünde çykyş edýär.