logo

Latest news:
✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦ ✦ E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi ✦ ✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦ ✦ Bir pursatlyk üns - bir ömri halas edip biler! ✦ ✦ Şähribossan Geldimämmedowa «Ykbal öwrüminde» ✦ ✦ Döwletli geňeşe barýarys ✦
Home / Technology /Sanly ulgam - ösüşiň binýady
  23.06.2025
1154
Sanly ulgam - ösüşiň binýady

XXI asyr – tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň, maglumatlaryň döwrüdir. Bu döwürde jemgyýetiň ähli ugurlaryna sanlylaşdyrmak ulgamy ornaşýar. Dünýäde sanly ulgam — döwletleriň ykdysady, bilim, saglygy goraýyş, dolandyryş, söwda we beýleki ulgamlarynda möhüm ähmiýete eýe bolýar.

 

Sanly ulgam – maglumatlary toplamak, saklamak, işläp taýýarlamak we paýlamak üçin häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylmagy bilen baglanyşykly ulgamdyr. Bu ulgam kompýuter, internet, emeli intellekt, bulut tehnologiýasy ýaly enjamlar we hyzmatlar arkaly işjeňligi ýokarlandyrýar. Sanlylaşdyrmak arkaly maglumatlara elýeterlilik artýar, maglumatlaryň ygtybarlylygy we howpsuzlygy üpjün edilýär.

 

Sanly ulgamyň jemgyýet üçin peýdalary örän uludyr. Häzirki wagtda döwlet edaralarynda elektron hyzmatlar giňden ornaşdyrylýar, ýokary okuw mekdeplerinde sanly bilim platformalary ulanylýar, hususy pudakda onlaýn söwda we hyzmatlar ösýär.

 

Geljekde sanly ulgamyň orny has hem ulalar. Emeli intellekt, “aňly” şäherler, sanly bank ulgamlary, maglumatlar merkezleri ýaly taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen jemgyýetde ýaşamak has ýeňil we amatly bolar. Sanly bilim, telelukmançylyk, onlaýn iş bazarlary ýaly ugurlar hem giň gerime eýe bolar.

 

Sanly ulgam diňe bir tehnologiýa taýdan ösüş däl, eýsem, jemgyýetiň ähli ulgamlarynda netijeliligi, dürsligi, ygtybarlylygy üpjün edýän guraldyr. Türkmenistanda bu ulgamly işleriň amala aşyrylmagy geljekki ösüşleriň berk binýadyny döredýär. Her bir raýatyň bu mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagy bolsa döwrebap jemgyýetiň kemala gelmegine ýardam edýär.

 

Ýazbibi Akymowa,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
mugallymy.