Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmen ýaş tennisçileri Manamada geçirilen sebit ýaryşynda öňdebaryjy oruny eýelediler ✦ ✦ Edebi eserlerden peýdalanyp çagalara matematiki düşünjäni öwretmek ✦ ✦ Bahar - ýaşlygyň we ýaşaýşyň pasly ✦ ✦ Moskwada ýylyň şygaryna bagyşlanan çäre geçirildi ✦ ✦ Ýaşlar bilen zähmet bazarynda üstünlik gazanmak boýunça duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Geodeziýa boýunça V internet-olimpiada geçirilýär ✦ ✦ Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Halkara hukugynyň ýylyna taýýarlyk boýunça ilkinji maslahat geçirildi ✦ ✦ Türkmen kinosynyň wekilleri Ankara şäherinde geçirilen halkara medeni dabarada sylaglandy ✦ ✦ Ženewada BMG-niň ÝYK-niň Içerki ulag boýunça komitetiniň 88-nji mejlisi öz işine başlady ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Sanly tehnologiýalar bilen kämil ösüşe
  01.11.2022
721
Sanly tehnologiýalar bilen kämil ösüşe

Häzirki innowasiýalaryň ösen eýýamynda ylmyň durmuşdaky ornunyň ýokarlanmagy bilen, kämil tehnologiýalardan habarly täze nesil kemala gelýär. Tutuş adamzat nesli bu günki gün ylym hem tehnologiýa dünýäsindäki beýik açyşlara, täze üstünliklere buýsanmaga doly hakly. Çünki döwrebap ylym-bilim bermekligiň özi-de häzirki zaman tehniki serişdeleri, tehnologiýalary ulanmak bilen amal edilýär. Bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy ýaşlaryň bilimini artdyrmaga bolan höwesiniň, başarnygynyň, ukybynyň kemala gelmegine uly täsirini ýetirýär. Ýurdumyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän häzirki zaman düýpli ylym ulgamyny döretmäge gönükdirilen ylmy-tehniki syýasat ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryna täze, öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmakdan, ylym we tehnika babatda öňde duran maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmekden ybaratdyr.

Bilim bermegiň ähli basgançaklaryny elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, mazmunyny baýlaşdyrmak, ruhy gymmatlyklarymyzy, milli terbiýäni hem-de ylmyň täze gazananlaryny utgaşdyrmak giň gerimli bilim özgertmeleriniň esasy ugrudyr. Ylmyň we tehnikanyň üstünliklerine, iň oňat dünýä tejribelerine esaslanýan sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzyň dürli künjünde gaýtadan işleýän kärhanalar, döwrebap enjamlar ornaşdyrylan önümçilikler döredilýär. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynyň ösmegine, öndürilýän önümleriň we alynýan hasylyň möçberini artdyrmaga, ekologiýa taýdan arassa önümleri işläp taýýarlamaga ýardam berýär.

Häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmekde bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek hem zerur wezipedir. Bazaryň barha ösýän talaplaryna laýyk gelýän ygtybarly we bäsdeşlige ukyply maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň üpjünçilik ulgamyny döretmek ýurduň sanly ykdysadyýete üstünlikli geçmeginiň girewi bolup durýar. Ýurdumyzda innowasion tehnologiýalary özleşdirmekde uly işler durmuşa geçirilýär. «Türkmen Älem 520°E» milli aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy, TYA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň hereket etmegi, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy, internetiň elýeterliligi we beýleki durmuşa geçirilýän işler ösüşiň bu ugrunyň binýadyny berkitmegi talap edýär. Şeýle-de ylmy-tehnologik ösüşiň halkara hukuk esaslary bu ugurda ýüze çykýan her bir täzelige laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Bularyň ählisi bolsa, ösüşiň täze belentliklerine çykýan ata Watanymyzyň rowaçlyklar ýoly bilen barha öňe gitmeginde esas bolup çykyş edýär. 

 

Rahym SÄHETDURDYÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk
fakultetiniň talyby.