Häzirki döwürde sanly tehnologiýalar jemgyýetiň ösüşiniň möhüm şertleriniň birine öwrüldi. Ylmyň we tehnikanyň gazananlary önümçilikden başlap, bilim, saglygy goraýyş, ykdysadyýet we döwlet dolandyryşy ýaly dürli ulgamlarda giňden ulanylýar. Bu ugurda ýurdumyzda hem döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaga, sanly hyzmatlaryň gerimini giňeltmäge we innowasion ösüşi üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler döwletimiziň ösüş strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, hyzmatlaryň hilini gowulandyrmaga we ilatyň gündelik durmuşyny ýeňilleşdirmäge ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet edaralarynyň işine döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, elektron hyzmatlary ösdürmek we maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Sanlylaşdyrma bilim ulgamynda hem uly mümkinçilikleri döredýär. Elektron okuw serişdeleri, internet arkaly bilim almak mümkinçilikleri we döwrebap tehnologiýalar ýaşlaryň bilim derejesini ýokarlandyrmaga, olaryň dünýä tejribesinden habarly bolmagyna şert döredýär. Häzirki zaman hünärmenleriniň sanly sowatlylygynyň ýokary bolmagy bolsa ýurdumyzyň geljekki ösüşi üçin möhüm ähmiýete eýedir.
Mundan başga-da, sanly tehnologiýalar ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Elektron tölegleriň, internet hyzmatlarynyň we sanly maglumat ulgamlarynyň ösdürilmegi raýatlar hem-de telekeçiler üçin amatly şertleri döredýär. Şeýle mümkinçilikler wagty tygşytlamaga, maglumatlary çalt alyşmaga we dürli hyzmatlardan has netijeli peýdalanmaga ýardam edýär.
Sanly ösüşiň möhüm şertleriniň biri hem ýaşlaryň täze tehnologiýalara bolan gyzyklanmasyny artdyrmakdyr. Häzirki wagtda ýaş nesliň kompýuter sowatlylygyny ösdürmek, programma üpjünçiligi, robototehnika we maglumat tehnologiýalary boýunça bilimlerini kämilleşdirmek geljegiň kämil hünärmenlerini taýýarlamakda aýratyn orun eýeleýär.
Häzirki döwürde sanlylaşdyrmak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy hem yzygiderli ilerledilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda hormatly Prezidentimiziň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitinde Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarda we diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly ulanmak boýunça Halkara kodeksi işläp taýýarlamak başlangyjy bilen çykyş edýändigini bellemegi möhüm ähmiýete eýedir.
Sözümizi jemläp aýdanymyzda, sanly ulgamda alnyp barylýan işler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini täze derejelere çykarmaga gönükdirilendir. Döwrebap tehnologiýalary netijeli peýdalanmak, innowasion başlangyçlary goldamak we sanly sowatlylygy ýokarlandyrmak ýurdumyzyň geljekki ösüşiniň möhüm şertleridir. Sanly ösüş bolsa döwrüň talaby bolmak bilen birlikde, täze mümkinçilikleriň we röwşen geljegiň açarydyr.
Sona ABAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.