logo

Soňky täzelikler:
✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦ ✦ «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitap ýapon dilinde neşir edildi ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti Baku şäherinde geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Baku, Ýerewan sammitleri: tebigatyň goragynda ✦ ✦ Ahal welaýatynda täze pomidor ýyladyşhanasy açyldy ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Sanly bilim – üstünligiň aýdyň ýoly
  21.10.2022
924
Sanly bilim – üstünligiň aýdyň ýoly

Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda eziz ýurdumyzyň ýagty geljegi bolan ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda uly aladalar edilýär. Bu ugurda bilim ulgamynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Täze innowasiýalaryň eýýamynda sanly bilimiň durmuşyň ähli ugurlaryna ornaşdyrylmagy netijesinde ykdysadyýetiň pudaklary çalt depginde sanlylaşdyrylýar. Ýurdumyzda döwrüň talaplaryna deň laýyk gelýän häzirki zaman tehnologiýalar bilen üpjün edilen orta we ýokary okuw mekdepleriniň ençemesi açylýar. Bu kämil hem döwrebap bilim desgalary, ylymly nesilleri, kämil hünärmenleri taýýarlamakda möhüm görkeziji bolup çykyş edýär. Şeýle hem ösüp gelýän ýaş nesilleriň dürli daşary ýurt dillerini suwara bilmeklerini gazanmaklyk sanly ulgama içgin aralaşmagyň möhüm şertidir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda sanly ulgamyň eçilen mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar. Çünki geljekki ösüşlerimiz döwrüň kämil tehnologiýalary bilen berk baglanyşykly bolup, sanly ulgamyň köptaraplaýyn şertlerinden peýdalanmaklyk üstünlige ýetmegiň aýdyň ýoludyr. Bular bilen bir hatarda türkmen ylmyny ösdürmekde daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen özara ylmy tejribeler alşylyp, halkara hyzmatdaşlygy günsaýyn berkidilýär.

Umuman, Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynyň has hem döwrebaplaşdyrylmagy üçin alyp barýan maksatnamalaýyn işleriniň gerimi barha giňeýär. Bu ugurda öňde goýlan wezipeler üstünlikli çözülýär. Türkmenistan diýarymyzda alnyp barylýan şeýle köpugurly döwlet ähmiýetli, ýurt bähbitli asylly işler her birimizi yhlasly zähmet çekmeklige, halal işlemeklige ruhlandyryp, ata Watanymyza, bagtyýar zamanamyza bolan guwanjymyzy goşalandyrýar. Bagtyýar halkymyzy abadançylyga, bagtyýarlyga besleýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolup, döwlet ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin! 

 

Bekmurat GALANDAROW,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 
Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.