«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynyň nurana günlerinde Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda milli bilim ulgamynda gazanylýan ösüşler, ýetilýän netijeli sepgitler bagtyýar durmuşymyzyň özeni bolup kalplara dolýar. Berkarar Watanymyzda bu ulgamy döwrebaplaşdyrmak, kämil derejä çykarmak boýunça döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Çünki, döwrebap ösüşleri gazanmakda, dünýä bilen aýakdaş gitmekde bilim ulgamy uly mümkinçilikleri jemleýär. Häzirki wagtda tutuş dünýä ylmyndaky ýetilen derejeler, iň täze tehnikalar, kämil tehnologiýalar we soňky tejribeler ýurdumyzyň bilim ulgamyna giňişleýin ornaşdyrylýar. Eziz ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatynyň binýadynda täzeçil tehnologiýalara esaslanýan bitewi bir ulgam döredildi. Munuň şeýledigine ýurdumyzda gazanylan innowasion ösüş ýoly ähli pudaklaryň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna, ylmy-tehniki ösüşiň ilerlemegine şert döredýär. Türkmenistan ýurdumyzyň ylmy-tehniki, intellektual kuwwatyny artdyrmagyň bähbidine bilimi hem ylmy ösdürmek, ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek, uzak geljegi nazarlaýan özgertmeleri ylmy esasda durmuşa geçirmek oňyn häsiýete eýe bolýar. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek we bilimiň ähli basgançaklarynda elektron bilim maglumatlaryny giňden ornaşdyrmak bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Türkmenistanda bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi her bir raýatyň, esasan hem ýaşlaryň sazlaşykly ösmeginiň esasy şertidir. Kabul edilen milli maksatnamalaryň çäklerinde mähriban Diýarymyzyň ähli künjeklerinde orta we ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň hem-de çagalar-sagaldyş merkezleriniň döwrebap desgalary yzygiderli gurulýar. Täze gurulýan binalaryň ählisi häzirki zaman kompýuter, okuw-tehniki serişdeler, interaktiw multimedia tehnologiýalary bilen doly üpjün edilýär. Bilim edaralaryna, bilim ojaklaryna sanly ulgamyň gazananlaryny, elektron okuw-görkezme esbaplaryny, wideo we audio materiallary, elektron kitaplaryny, okuw gollanmalaryny taýýarlamaga ýardam bermek möhüm wezipe bolup durýar. Durmuşa geçirilýän bilim maksatnamalary boýunça bilim bermeklik işi maksadalaýyk ýola goýulýar. Munuň özi, innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna we okatmagyň usullarynyň kämilleşdirilmegine, ylmyň bu ulgamlaryndan baş çykarýan ýaş nesli terbiýelemek, degişli ylmy-barlaglary geçirmek üçin amatly şertleriň döredilmegine ýardam edýär. Ýurdumyzda bilim ulgamynyň doly sanlylaşdyrylmagy ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini ýüze çykarmaga we ösdürmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistanda bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmelere, ýetilen belent sepgitlere, döwrebap bilimli, päk ahlakly, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde öňde duran wezipelere üstünlikli ýetmekde Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleri bagtyýar döwrümizi uly rowaçlyklara besleýär.
Enejan GARAJAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.