Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Sanly bilim – ösüşlere dowamat!
  14.04.2023
1545
Sanly bilim – ösüşlere dowamat!

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda Garaşsyz hem hemişelik Bitarap ýurdumyzda ýokary depginde durmuşa ornaşdyrylýan sanly bilim ulgamy ýaş türkmenistanlylaryň dünýä derejesinde ýokary hilli, kämil bilim almaklaryny, giň düşünjeli, ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerini doly derejede üpjün edýär. Milli bilim ulgamynyň kämilleşdirilmeginiň özi, ilkinji nobatda ýaş hünärmenleri, ýaş alymlaryň täze neslini taýýarlamagy şertlendirýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň hatarynda möhüm orny eýeleýär. Häzirki zaman tehnikalaryň, akylly serişdeleriň we maglumat gorlarynyň ulanylyşynda ýaş hünärmenleriň bu ugurda taýýarlygyny kämilleşdirmek wezipesi esasy ýagdaýdyr. Şunuň bilen baglylykda ýurdumyzyň bilim edaralary ösen innowasion tehnologiýalar bilen yzygiderli üpjün edilýär we mugallymlaryň kompýuter sowatlylygy kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýörite orta, ýokary okuw mekdepleriniň gurlup ulanmaga berilmegi, täze, ýokary hilli okuw kitaplarynyň çap edilmegi, bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmak maksady bilen sanly bilim ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Sanly bilim ulgamy bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalaryny ýokary hilli elektron kitaplar, uzak aralykdan bilim bermek ýaly degişli usullar esasynda kämilleşdirmek, internetiň mümkinçiliklerini bilim bermekde peýdalanmakdyr. Sanly bilim nazary we amaly okuwlary netijeli ýagdaýda gurnamaga, ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryna esaslanyp, ýaş nesilleriň täzeçe pikirleri, düşünjeleri almagyn uly ýardam berýär. Bilim ulgamyny kämilleşdirmekde ulgamyň kanunçylyk binýadynyň düýpli bolmagy, häzirki zaman okuw-tehniki serişdelerini ornaşdyrmaklygy gazanmak oňyn netijeleri berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda durmuşa ornaşdyrylýan sanly bilim ulgamy ýaşlaryň dünýä derejesinde ýokary hilli bilim almaklaryny doly derejede üpjün edýär. Orta mekdeplerde sapaklaryň interaktiw tagtalarda geçilmegi, ýokary okuw mekdeplerinde sanly bilim we kitaphana portallarynyň döredilmegi, umumy sapaklaryň sanly ulgam arkaly geçilmegi, şeýle-de ýokary okuw mekdepleriniň arasynda bilelikdäki sapaklaryň geçirilmegi we beýlekileri muňa mysal getirmek bolar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sanlylaşdyrmak işi milli ykdysadyýetimiz üçin täze döwre badalga bolup, Arkadagly Serdarymyzyň ylmy taýdan esaslandyrylan döwlet strategiýasy esasynda has hem kämilleşýär we hemmetaraplaýyn ösüşiň oňyn depginini üpjün edýär. Türkmenistan ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň binýadyny pugtalandyrmakda, sanly ulgamy giňden ornaşdyrmakda we netijede ata Watanymyzyň nurana geljegini berkarar etmekde belent tutumlary amala aşyrýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! Döwletli, bagtyýar döwrümiz mundan beýläk hem ösüşler bilen rowaçlansyn! 

 

Ogulnäzik ATAÝEWA,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we 
ulag kommunikasiýalary 
institutynyň talyby.